- TM
- RU
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz Milli bahar baýramyny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem döwlet derejesinde uly şatlyk-şowhun bilen belleýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek ugrunda uly işleri amala aşyrýar. Milli bahar baýramy türkmenleriň geçmiş taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Köküni gadymdan alyp gaýdýan Nowruz — Milli bahar baýramy ýurdumyzda iň bir dabaraly bellenilýän baýramlaryň biridir. Adamlar şol günde bezemen geýnip, gezelenje çykýarlar. Dost-ýarlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň öýlerine salama, görme-görşe barýarlar. Milli bahar baýramynda goňşular naz-nygmatlary bişirip, birek-birege hödür-kerem edýärler.
Nowruz dost-doganlygyň baýramy bolup, ol gündogar halklarynyň köpüsinde giňden bellenilýär. Bu baýram döwletleriň arasyndaky parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan hem-de halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde halkara derejesine eýe boldy. 2010-njy ýylda Nowruz BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara baýram diýlip yglan edildi.
Adamlaryň kalbynda hem hakydasynda ençeme asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biri bolan Nowruz güni — Milli bahar baýramy durmuşymyzy toý-dabaralara besleýän şanly sene hökmünde ýurdumyzyň täze taryhyna berk ornaşdy. Ol täzelenişiň, gözelligiň, joşgunly ýaşaýşyň, ynsanperwerligiň belent ýörelgeleriniň hem-de zähmetsöýerligiň baýramydyr.
Häzirki bagtyýar döwrümizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda toý-baýramlarymyzy uly şatlyk-şowhun bilen geçirmäge ähli şertler bar. Gözel ýurdumyzda tutulýan Milli bahar baýramy il agzybirligini milli gymmatlyk derejesine çykaran mähriban halkymyza üstünligiň ýardygyny äleme ýaýýar.
Ene MÄMMEDOWA,
Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy.
“Watan” gazeti.