- TM
- RU
Türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman we mähriban Arkadagymyzyň döwletli ýoluny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygyndaky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilýän belent sepgitler Diýarymyzy arzuwlaryň hasyl bolýan ata Watanymyzy öwürdi.
Döwlet Baştutanymyz Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda buýsanç bilen dile getiren «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen paýhasly sözleri türkmenistanlylaryň ýürek joşgunyny artdyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parasatly döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen halky özüniň nurana geljegini gurýar.
Röwşen günlere uzaýan bu ýollarda halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjiligi we tutanýerliligi birleşip, eşretli ertirlere uzaýan menzilleri many-mazmun bilen, uly ynam we yhlas bilen baýlaşdyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman we mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylan üstünlikleriň we ýetilen belent sepgitleriň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwürde türkmen halky eşretli günleriň gujagynda asuda, erkana durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.
Bagtyýar döwürde amala aşyrylýan ajaýyp işler ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, türkmen halkynyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär.
Belent Mertebeli Prezidentimiziň tutýan tutumly işleriniň, beýik, taryhy özgertmeleriniň dowamynda demokratik, hukuk we dünýewi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlarda gülläp ösýän, bagtyýar durmuşyň höküm sürýän ýurduna öwrülýär.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işlere goşant goşmagy her bir raýat özüniň mukaddes borjy hasaplaýar.
Ýaşamaga, yhlasly okamaga, halal zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleriň döredilen ýerinde diňe özüň hakynda edilýän aladany duýup, şol tagallalara mynasyp jogap bermek, bildirilen tamany ödemek galýar. Şu günleri halal zähmetiň, yhlasyň, mähir-söýgiň bilen bezäp, ýagty ertirlere gadam basmaga uly ynamyň bardygy her bir raýatyň buýsanjyny goşalandyrýar.
Şeýlelik-de, şu günde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy ugrunda gije-gündiz aladalary we taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň görkezen aýdyň ýoly bilen bagtyýar geljege sary ynamly gadam urýar.
Öňde täze belentliklere, ýokary derejelere ýetirjek bagtyýar günler garaşýar!
Gahryman we mähriban Arkadagymyzyň we Belent Mertebeli Prezidentimiziň amala aşyrýan içerki we daşary syýasaty, türkmen halkynyň agzybirlikde, jebislikde we ak ýürekden çekýän zähmeti hem-de kalplardaky päk niýetlere beslenen berk ynamy kepillendirýär. Ynam bolsa güýçdür. Ynam şol ak günlere sary alyp barýan goşa ganatdyr.
Adamlar hakynda taýsyz tagallalary we ýadawsyz aladalary, şeýle hem şu döwürde giň möçberli tutýan tutumly işleri we taryhy, beýik özgertmeleri üçin döwlet Baştutanymyz, Arkadagly Serdarymyza we milli hem-de halkara derejede kanun esasynda ykrar edilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman we mähriban Arkadagymyza hoşallyklarymyzy bildirýäris.
Goý, hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman hem-de mähriban Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, başlary dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
/Metbugat habarlary esasynda taýýarlan/:
Ýazjeren Mawsumowa,
TKA-nyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň
kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.