Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SPORT – SAGDYNLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň “Altyn-asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistan döwletimiziň abraýyny arşa galdyran, sportuň dürli görnüşleri boýunça Halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenler barada söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligi “Altyn-asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň gepleşikleri alyp baryjysy we gurnaýjysy Selbi Amangulyýewa alyp baryp, onuň dowamynda Türkmenistanyň Gyşky oýunlar sport toplumynyň KAIG-nyň başlygy Halbibi Taganowa, Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçi mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy Ýazbike Öwezowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy Maksat Döwletow şeýle-de “Aşgabat” köpugurly stadionynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Bäşim Hamedow ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanylýan beýik üstünlikleri, talyp ýaşlarymyza ýokary derejede halkara ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen ornaşdyrylan bilim ojaklarynda tälim berilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň çäklerinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň we Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergisi gurnaldy. Bu sergi söhbetdeşlige gatnaşan ähli myhmanlarda, esasanam talyp türgenlerimizde ajaýyp ýatlamalaryň janlanmagyna sebäp boldy.  

Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugur Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär.

Hereket etmek, gezelençleri amala aşyrmak hem-de boş wagtyňy peýdaly we işjeň geçirmek üçin ajaýyp serişde bolan welosiped ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi hasaplanylýar, ol sport ulagy hökmünde-de uly meşhurlyga eýedir. Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri, awtoulagsyz günleri, ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan, jemgyýetiň täze ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge gönükdirilen bu ajaýyp däpleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýokary derejede alnyp barylmagy halkymyzyň uly goldawyna hem-de halkara derejede giňden makullanylmagyna eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu wakanyň hormatyna Aşgabatda “Welosiped” binasy guruldy. Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz asylly maşgala däplerini dowam edip, sport bilen meşgullanmaga uly üns berýär. Sport bilen meşgullanmak adamyň beden we ruhy ýagdaýyna oňaýly täsir etmek bilen birlikde, zähmetsöýerlik, ruhubelentlik, maksada okgunlylyk, düzgün-nyzamlylyk ýaly häsiýetleri ýüze çykarmaga ýardam edýär. Şunda nesilleriň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapýar. 

Şeýlelikde, ýurdumyzda sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaşlarymyzy sagdyn ruhda terbiýelemek ugrunda alnyp barylýan şeýle giň möçberli işler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, parahatçylygyň we sagdynlygyň aýrylmaz bölegi bolan halkara sport we ekologiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny, seçip alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban halkymyzyň bitewüligini we jebisligini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezýär. 

Eziz watanymyzy döredijiligiň hem-de ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ähli tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda uly üstünliklere beslenmegini, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýärin.

 

Melike Sähetgulyýewa,

Türkmenistanyň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri.

 

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.