- TM
- RU
2023-nji ýylyň 20-nji martynda penşenbe güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikdäki gurnamaklarynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “2023-nji ýyl – Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilmegi mynasybetli “Ýurdumyzyň halkara başlangyçlary rowaçlanýar” atly maslahaty geçirildi.
Maslahaty Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Paýhas synagy” bölüminiň müdiri Aknabat Klyçewa alyp bardy. Geçirilen maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Kerimguly Geldiýew, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy Gurban Myradow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy Agakuwwat Allaberdiýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy Baýnazar Goşaýew, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň Sungat bölüminiň müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy Maýsa Atabaýewa we beýleki jogapkär wekiller hem-de işgärler dagylar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda oňa işjeň gatnaşanlar Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “2023-nji ýyl – Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilmegi mynasybetli çäräniň çäklerinde gyzykly we täsirli çykyşlary etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar beýik, taryhy özgertmeleriň geçirilýän döwründe türkmen halky barada ýadawsyz aladalary hem-de taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman we mähriban Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirdiler. Maslahata gatnaşanlaryň ählisi hormatly Prezidentimiz, Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy, Gahryman we mähriban Arkadagymyzyň we janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik we taryhy özgertmeleriniň döwründe ähli durmuşa geçirýän taryhy işleriniň ählisiniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Ogulgurban Muhammedowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Milli merkeziniň Guramaçylyk we
medeni-köpçülik işleri bölüminiň
esasy hünärmeni.