- TM
- RU
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Gyşky oýunlar sport toplumynda «Syn gerekdir gözele» diýen at bilen zenanlaryň duşuşygy geçirildi. Duşuşygy Gyşky oýunlar sport toplumy Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy bilen bilelikde gurady.
Kärdeşler arkalaşygynyň wekiliniň çykyşynda türkmen halkynyň hemişe zenanlaryň hormatyny belentde saklandygy hakyndaky ähmiýetli maglumatlar beýan edildi. Ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga döredilýän giň mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimizde zenan mertebesine goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.
Bu ýerde Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň mugallymy T.Akmyradowanyň, «Aşgabat» köpugurly stadionynyň hünärmeni we zenanlar guramasynyň başlygy M.Hojadurdyýewanyň çykyşlary diňlenildi. Mundan başga-da, Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçisi, KA-nyň işjeň agzasy Ý.Öwezowanyň, Gyşky oýunlar sport toplumynyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy H.Taganowanyň çykyşlaryna orun berildi.
Duşuşykda edep-ekramlylygyň zenanlary, gelin-gyzlary has-da bezeýändigi dürli deliller bilen düşündirildi. Türkmen gyzlarynyň iri halkara ýaryşlarynda çykyş edip, milli sportumyza şan getirýändikleri aýratyn bellendi.
"Türkmen sporty" gazeti.