- TM
- RU
Haçan-da sungat eseri – haly, şaý-sep, keramiki eser ýa-da başga bir önüm kämil derejede ýerine ýetirilen bolsa, onuň ömri asyrlardan-asyrlara aşýar. Nesiller ondan görelde alyp, ene-atalarynyň özleri üçin ajaýyp nusgalary miras goýandyklaryna buýsanýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň mähir-yhlas siňdirip bejeren kürtesi şeýle gymmatlyklaryň naýbaşysydyr. Onuň milli gymmatlyklarymyzyň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen girdi. Mundan ýarym asyrdan gowrak ozal yhlas bilen bejerilen kürte muzeýe gelýän her bir adamyň ýadynda müdimi saklanýar. Nepis kürtä salnan «gyýak», «okgözi», «içýan agyz», «tazy guýruk» nagyşlary edil şu günki gün bejerilen ýaly haýrana goýýar. Ogulabat ejäniň yhlas bilen ören jorabynyň kürte bilen bilelikde muzeýde goýulmagy millilige goýulýan belent sarpanyň ýene-de bir nyşanydyr. Mährem ene oňa öz döwrüne mahsus bolan owadan nagyşlary salyp örüpdir.
Her bir kämil sungat eseriniň täze işleriň döremegine badalga bolýandygy durmuşda bellidir.
Ogulabat ejäniň bejeren kürtesinden hem-de jorabyndan nusga alyp, birnäçe el işleri döredildi. Şeýle işler ýurdumyzda guralýan sergilerde beýanyny tapýar. Bu iş milli kino sungatymyza-da öz täsirini ýetirdi. Ajaýyp kürteden nusga alyp ýazyjy Ö.Berdimyradow bilen mirasgär A.Şagulyýew «Gyzyl kürte» atly çeper filmiň edebi esasyny ýazdylar. Sahysalyh Baýramowyň režissýorlyk etmeginde döredilen bu film Türkiýede, Özbegistanda, Belarusda, Russiýada geçirilen halkara kinofestiwallara gatnaşyp, baýrakly orna mynasyp boldy.
Halkymyzda: «El hünäri il gezer» diýen nakyl bar. Ogulabat ejäniň muwapyk elleriniň gudraty bilen dörän bu ajaýyp sungat ykbalyny el işlerine baglan ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly nusgadyr.
Täçsoltan KAKAJANOWA, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy.
"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti.