- TM
- RU
"Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly’’ ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty ösdürmek, sport görnüşlerini köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyny gazanmak we halkymyzyň aýratyn hem ýaşlaryň, okuwçylaryň arasynda sporta bolan söýgini döretmek we berkitmek baradaky aladalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen Daşoguz welaýatynyň orta mekdep okuwçylaryň arasynda ,,Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri’’ ady bilen sportuň Tanap çekmek, Woleýbol görnüşi boýunça oglanlaryň hem-de ‘’Sagdyn nesil – bagtyýar durmuş’’ ady bilen Basketbol görnüşi boýunça oglan-gyzlaryň arasynda welaýat birinjiligi geçirildi. Ony ,,Türkmenistan’’ Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi bilelikde gurnadylar. Bu ýaryşlarymyza welaýatymyzyň Akdepe, S.Türkmenbaşy, Ruhubelent, Şabat, Görogly, Köneürgenç, Boldumsaz etraplaryndan we Daşoguz şäherinden orta mekdepleriň okuwçy toparlary gatnaşdylar. Şeýlelikde sportuň Tanap çekmek görnüşi boýunça oglanlaryň ýaryşy Daşoguz şäheriniň 29-njy orta mekdebinde geçirildi. Bu ýaryşymyz aýlaw esasynda geçirilip okuwçy toparlar öz aralarynda güýç synanyşyp çekeleşikli gyzykly oýun oýnadylar. Şeýlelikde Köneürgenç etrabyndan gelen okuwçy türgenlere taý gelen bolmady, olar garşydaş toparlarynyň hemmesini utmak bilen birinji orny eýelediler. Ikinji orny Şabat etrabynyň topary, üçünji orny bolsa Akdepe etrabynyň toparlary eýeledi. Woleýbol boýunça oglanlaryň ýarşy hem Daşoguz şäheriniň 29-njy orta mekdebiniň Woleýbol eýwanynda geçirildi. Bu ýaryşymyzda bolsa iki utulan çykmak şerti bilen geçirildi. Onda bolsa Akdepe etrabynyň türgenleri öz garşydaş toparlaryny utmak bilen birinji orny eýeledi. Ikinji orny S.Türkmenbaşy etrabynyň topary, üçinji orny bolsa Şabat etrabynyň toparlary eýelediler. “Sagdyn nesil – bagtyýar durmuş’’ ady bilen geçirilen Basketbol boýunça oglan-gyzlaryň ýaryşy bolsa Daşoguz şäheriniň 3-nji sport mekdebinde geçirildi. Oýunlar aýlaw esasynda boldy. Şeýlelikde oglanlaryň arasynda birinji orny Daşoguz şäheriniň topary, ikinji orny Akdepe etrabynyň topary, üçinji orny bolsa Boldumsaz etrabynyň toparlary eýeledi. Basketbol boýunça gyzlaryň ýaryşynda hem Daşoguz şäheriniň gyzlary birinjiligi elden bermediler. Ikinji orny Ruhubelent etrabynyň gyzlar topary, üçinji orny bolsa Şabat etrabynyň toparlary eýelediler. Şeýlelikde birinji,ikinji, üçinji orny eýelän toparlar ‘’Türkmenistan’’ Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Maral DÖWLETOWA
Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik
guramalarynyň işgärleriniň KA-nyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň hasapçysy.