- TM
- RU
GÖRKEZIŇ DÜNÝÄNIŇ GUDRATYN, DAGLAR
Daglar dünýäniň gudraty. Gatbar-gatbar daşlara siňip giden müňýyllyklaryň müňläp-müňläp syryny gujagyna siňdiren beýik daglar.
Saňa tarap ädýän her bir ädimimde göwnüm ganatlanyp, belentligiňe buýsanç bilen bakýaryn. Daglar dünýäniň gudraty bolsa, daglaryň döreden gudratyny näme diýip atlandyryp bolarka?! Şeýle bir gudrat bar, hatda daglary hem haýrana goýup bilen, beýikligi dünýäniň ähli daglaryndan belent, tarypy söze, şygra sygmaýar.
Ähli döwürleriň şahyry ylmy-bilimi, pähim-paýhasy bilen dünýä içre ykrar edilen beýik ynsan, beýik şahsyýet Magtymguly Pyragydyr. Hakdan içen zehini bilen köňüllerde köşk gurmagy başaran, beýik ynsanyň şygyrlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem ýankitabyna öwrüldi. Pyragynyň şygyr setirleri hakda ýazylan ylmy işler, ylmy makalalar, ylmy derňewler alymlardyr magtymgulyşynaslar tarapyndan dowam etdirilýär. Magtymguly Pyragynyň keşbini ilkinji bolup çeken ussat suratkeş Aýhan Hajyýewiň işini synlanyňda-da, has çuň oýlara batýarsyň. Birnäçe gözlegleriň, ukusyz gijeleriň dowamynda döredilen keşp hakyky ussadyň işi. Eline galam alyp, kalbyna ylham guýlup dörän eser tutuş dünýäniň ýüzüne beýik akyldaryň keşbini ýaýan beýik sungat eseridir.
Beýik Pyragynyň tebigatyň sünnäläp gaýa-daşly daglarda döreden keşbini dagyň ýüzünde synlanyňda bolsa, bu gudratyň öňünde baş egýärsiň. Çünki, bu hakyň halka äşgär eden hakykatydyr.
Halkyna agzybirligi, jebisligi, ýurt asudalygyny ündän beýik ynsan görüm-görelde mekdebi bolup hakydalara siňdi.
Läle ZAKIROWA.
Murgap etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, TKA-nyň işjeň agzasy.
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti.