Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ DÖWREBAP WEZIPELERI

Awazadaky okuw maslahatynyň esasy meselesi boldy

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezi ýylyň ähli paslynda-da köp adamly. Saglygyny dikeldýän ildeşlerimizdir çagalar bilen birlikde, bu ýerde kärdeşler arkalaşyklarynyň ugry boýunça guralýan okuw maslahatlaryna gatnaşmaga gelýän işgärlerdir hünärmenler hem medeniýetli dynç alýarlar. Şu ýylyň 20 — 26-njy apreli aralygynda-da bu gözel künjek döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda geçirilen okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň 60-a golaýyny öz goýnunda jemledi.

Aşgabatdan ugran otly Türkmenbaşy şäheriniň demir ýol menziline gelip ýetdi... Ine-de, biz goja Hazaryň sapaly kenarynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde. 21-nji aprelde günüň ikinji ýarymynda onuň çäginde ýerleşýän medeniýet merkezinde «Berkarar döwletiň kärdeşler arkalaşyklarynyň döwrebap wezipeleri» atly okuw maslahaty öz işine başlady. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň ähmiýetini, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, zähmet kanunçylygyny düşündirmekde, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmakda, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, howpsuz iş şertleriniň üpjün edilişine gözegçiligi amala aşyrmakda kärdeşler arkalaşyklarynyň alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmek we olaryň netijeliligini gazanmak maksady bilen guralan maslahat bäş günüň dowamynda ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, maliýe-bank, harby we hukuk goraýjy düzümleriň, döwlete degişli beýleki pudaklaryň işgärleri üçin bilimdir hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, özara tejribe alyşmak babatda özboluşly meýdança bolup hyzmat etdi.

— Şu gezekki okuw maslahatynyň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň XVIII mejlisini, amaly we tejribe görnüşli sapaklary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Saglyk bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr» atly wagyz-nesihat maslahatyny geçirmek, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri, telewideniýe üçin dürli mazmunly çykyşlary ýazgy etmek, sport bäsleşiklerini guramak göz öňünde tutuldy. Şunda kärdeşler arkalaşyklarynyň işleriniň bir kysmy at ýazgylaryny düzmegiň görnüşleri hem-de resminamalary ylmy-tehniki taýdan tertibe salmak, onuň maliýe syýasaty, ilkinji guramalarda işleri guramak bilen bagly meseleler boýunça hünärmenleriň çykyşlaryna giň orun berlip, diňleýjiler özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap tapdylar. Okuw maslahatynyň Hazaryň jana şypaly kenarynda geçirilmegi bolsa onuň medeniýetli dynç alyş bilen sazlaşykly alnyp barylmagynda aýratyn ähmiýete eýedir — diýip, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Begenç Baýramow gürrüň berýär.

Öz agzalarynyň zähmet, durmuş-ykdysady hukuklaryny we bähbitlerini durmuşa geçirmek hem-de goramak baradaky maksatlaryny ilkinji guramalaryň, pudaklaýyn geňeşleriň, çäk birleşmeleriniň üsti bilen amala aşyrýan Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi ýurdumyzda agzalarynyň sany boýunça iň iri jemgyýetçilik guramasy hasaplanýar. Munuň şeýledigine göz ýetirmek üçin diňe döwlet edaralarynyň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň statistiki maglumatlary bilen tanyşmak hem ýeterlik. Meselem, Geňeşiň hasabynda 2022-nji ýylda 16 müň 150-ä golaý agza duran bolsa, bu görkeziji şu ýylyň ýanwar aýyna çenli 16 müň 845-e ýetdi. Şunda olaryň 8 müň 500-den gowragynyň zenanlardan, 3 müň 200 töwereginiň bolsa 30 ýaşa çenli ýaşlardan ybaratdygyny-da nygtamak gerek. Häzirki wagtda döwlet edaralarynyň kärdeşler arkalaşyklarynda ilkinji guramalaryň 144-si üstünlikli hereket edýär.

Ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň, möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň ähmiýetini halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalaryna aýratyn orun degişli. Şoňa görä-de, okuw maslahatyna gatnaşyjylar sagaldyş merkezinde we Awazanyň gözel künjeklerinde raýatlaryň oňaýly dynç almaklary, saglygyny dikeltmekleri üçin döredilen mümkinçilikler barada ýürek buýsançlaryny beýan edip, dürli mazmunly telegepleşikleri ýazgy etmäge işjeň gatnaşdylar. Ir säherde kenar ýakasynda geçirilen sport-sagaldyş çäreleri bolsa deňziň jana şypaly howasyndan lezzet almaga, dynç alşy bedenterbiýe we sport bilen utgaşdyrmak arkaly saglygyňy berkitmäge amatly mümkinçilik boldy. Aslynda, bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň diňe bir beden taýdan sagdynlygyna däl, eýsem, onuň özüni duýşuna, intellektual hem-de döredijilik işine oňyn täsirini ýetirýär. «Daýançda» bolsa munuň üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr.

Çäräniň çäklerinde dynç alşyň we saglygyňy berkitmegiň aňrybaş şertlerini özünde jemleýän tebigy zolakda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde uly ýaşly adamlardyr çagalaryň doly derejeli dynç almaklary üçin döredilen mümkinçilikler barada gyzyklanyp, merkeziň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň hünärmeni Şamar Saparow bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezine degişli bolan «Daýanç» sagaldyş merkeziniň indi 13 ýyldan bäri halka hyzmat edip gelýändigini, onuň çäginde wagtyňy peýdaly hem-de gyzykly geçirmek, saglygyňy berkitmek, maşgala bolup dynç almak üçin hemme şertleriň bardygyny belledi. Hünärmeniň sözlerine görä, merkez birbada çagalaryň 280-sini, ulularyň hem 120-sini kabul edip bilýär. Tomus möwsüminde çagalar jemi 6 tapgyrda dynç alýarlar. Dynç alyş 10 günläp dowam edýär. Ýollamanamalar, esasan, TKA-nyň welaýat we Aşgabat şäher birleşmeleri tarapyndan berilýär. Umuman, bu ýerde diňe tomusda ýurdumyzyň ähli welaýatyndan gelen çagalaryň 1680-si dynç alýar.

Ýeri gelende bellesek, merkeziň çäginde ululardyr çagalar üçin niýetlenen howuzlar, şol sanda sport çäreleri geçirilýän ýörite howuz, açyk we ýapyk sport toplumlary, aýratyn güýmenje oýun awtomatlary otagy, medeniýet merkezinde bolsa 202 orunlyk kinozal, kitaphana, el işleri, aýdym-saz otaglary bar. Bular myhmanlaryň wagtyny gyzykly hem peýdaly geçirmekleri, medeniýetli dynç almaklary ugrunda döredilen mümkinçiliklerdir. Bu ýerde mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek üçinem zerur şertler göz öňünde tutulandyr.

— Ýylyň dört paslynda-da merkezimiziň gelim-gidimi ýeterlik. Biz tomusda, esasan, çagalaryň, sentýabr aýyndan mümkinçiligi çäkli çagalaryň dynç alşyny guraýarys. TKA-nyň Milli merkeziniň meýilnamasy esasynda guralýan pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynyň okuw maslahatlaryna gatnaşyjylar hem biziň hemişelik myhmanlarymyz. Häzirki okuw maslahaty bolsa ýylyň başyndan bäri guralýan şeýle çäreleriň ýedinjisidir. Hazaryň kenarynda dynç almak isleýän raýatlarymyz üçinem, okuw maslahatlarynyň diňleýjileri üçinem biziň gapymyz elmydama açyk — diýip, Şamar Saparow söhbetdeşlikde nygtady.

Täze taryhy döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň öňünde duran ägirt uly taslamalarydyr maksatnamalary durmuşa geçirmekde jemgyýetçilik guramalaryna aýratyn orun degişli. Öz agzalarynyň zähmet çekmäge hukuklaryny, işgärleriň ýaşaýyş-durmuş we zähmet şertlerini goramak, zähmetde öňdebaryjylary höweslendirmek, olaryň oňaýly şertlerde dynç almaklary barada hemişe alada etmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hem-de hünär derejesini kämilleşdirmek bilen yzygiderli meşgullanmak ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň möhüm wezipeleriniň hataryndadyr. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli derejedäki guramalary hem, ilkinji nobatda, strategik döwlet maksatnamalaryny, hormatly Prezidentimiz tarapyndan kesgitlenilýän anyk wezipeleriň many-mazmunyny, ähmiýetini halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek arkaly olaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmakda aýratyn işjeňlik görkezýärler.

Mahlasy, gözel Awazanyň kenarynda geçirilen nobatdaky okuw maslahatynda döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň ileri tutulýan ugurlary, geljekde öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenip, olary ýerine ýetirmegiň anyk ýollary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly taglymaty bolsa öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň ýolgörkezijisidir.

 

Aýgül RAHYMOWA.

«Türkmenistan».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.