- TM
- RU
Gahryman Arkadagymyzyň “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly kitabynda belleýşi ýaly:”Biziň baý hem-de gadymy mirasymyz, bahasyna ýetip bolmajak medeni-ruhy gymmatlyklarymyz bar” Ana şolary apalamakda, ezizlemekde, eşrep deýin aýap saklamakda we geljekki nesillerimize gowşurmakda mähriban ene-mamalarymyzyň üstüne düşýän jogapkärçilik juda uly. Şonuň üçinem Arkadagly Serdarymyzyň röwşen günlerini ykbalymyza ýazýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeni miras bilen bagly ýörelgelere berilen üns hasam ýokarlanýar. Bu bolsa ik egirmek ýüňsedir oýmaklary giňden ulanmak çagalara niýetlenen kürtekçelerdir kirlikler ýüz süýmek saýmak keleplemek ýaly başga-da köp dürli el işlerimize dolanmagymyza olary döwrebap durmuşymyz bilen utgaşdyryp milliligimiziň has-da ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan hem birnäçe wagyz nesihat duşuşyklary bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem, guralýan çärelerde welaýatymyzda ýaşap geçen şahyrdyr, ýazyjylaryň goşgulary çeper eserleri kärdeşler arkalaşyklaryň işjeň agzalarynyň arasynda tanyşdyrylýar. Türkmen halkynyň milli baýramy mynasybetli geçirilen çärede uzak ýyllarda kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy bolan merhum atamyň haly barada döreden goşgusy bilen çykyş etdim. Şol döredilen goşguny gazet sahypasynda beýan etmegi makul bilip, aşakda okyjylara hödürleýärin.
“TÜRKMEN HALYSY”
Öýdümleriň arasyndan tapdym men,
Ak käbämiň elleriniň yzyny.
Aýdymlaryň arasyndan tapdym men,
Dokma daraklaryň çalýan sazyny.
Gözlerim nemlendi, ýüzüme sylyp,
Hem begendim, hem agladym, ogşadym.
Ara düşen ýowuz günleri ýatlap,
Hazan uran agaç deýin gagşadym.
Nepis sungaty sen türkmen halkymyň,
Iki ýylda arşa ýetdi galkymyň.
Ýazyp goýsaň ýer şarynyň üstünde,
Dünýäň dört burçuna düşer ýalkymyň.
Buýsanjym sen, namysym sen, arym sen,
Baýak saňa baha kesdi bir telbe.
Heý, çalyşyp bormy namysy, ary,
Gara nebis üçin bir gysym teňňä.
Sen nähili gudrat bilen dörediň,
Ynsanperwer ýürekleriň nagşy sen.
Eger seniň waspyň ýetirip bilsem,
Onda heniz diňlenmedik bagşy men.
Nesilden-nesle geçsin-de gitsin,
Eneňizden miras galan bu yzlar.
Indi nobat size gelip ýetişdi,
Soltgangül, Bahargül, Maýagül gyzlar.
Garaşsyzlyk ganatynyň astynda,
Çitimlere siňip gitsin ömrüňiz.
Indi dünýä injek gözel sungatyň,
Öýdümi siz, aýdymy siz, ömri siz.
Nurgeldi ÇAKANOW.
Arslan ÇAKANOW - Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.