- TM
- RU
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek üçin alyp barýan taglymatyny göz öňüne tutup, Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi bilen bilelikde “Sportuň futbol görnüşi boýunça 2008-2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Balkan welaýatynyň birinjiliginiň” tassyklanan düzgünnamasyna laýyklykda ýaryş geçirildi. Ýaryşda Balkanabat şäheriniň sport mekdebi I-nji orna, Oglanly şäherçesiniň sport mekdebi II orna, Gumdag şäherçesiniň sport mekdebi III orna mynasyp boldular.
Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Döwletowa Meretbibi – Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň maliýe-ykdysady bölüminiň esasy hünärmeni.