Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HALKARA FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ (FIFA) BAŞTUTANY WE WEKILIÝET AGZALARY TÜRKMENISTANDA IŞ SAPARYNDA BOLDY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) Prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi. FIFA-nyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize ajaýyp Türkmenistana gelmäge çakylygy üçin hem-de duşuşmaga wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz bilen söhbetdeşlikde FIFA-nyň ýolbaşçysy şu duşuşygyň Merkezi Aziýada örän iri Olimpiýa stadionynda geçirilmegine hut özüne we futbola bildirilýän aýratyn sarpanyň nyşany hökmünde baha berýändigini aýtdy.

Belent Mertebeli Prezidentimiz ýurdumyzda futboly ösdürmegiň esasy tapgyrlary barada gürrüň bermek bilen, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 1992-nji ýylda döredilendigini aýtdy. Şol ýylda hem Türkmenistanyň milli ýokary ligasynyň oýunlary, Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşlar geçirilip başlandy. 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA-nyň we Aziýa futbol konfederasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. 1994-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Aziýa oýunlarynyň çärýek finalyna çykdy hem-de ýygyndy toparymyz 1995-nji ýyldan bäri futbol boýunça her ýyl geçirilýän halkara ýaryşlara gatnaşýar. «Aziýa Kubogy-2022» atly abraýly halkara ýaryşda Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndy toparynyň (23 ýaşa çenli) üstünlikli çykyş edip, bu bäsleşigiň çärýek finalyna çykandygy bellenildi. Ýurdumyzyň futbol toparlary baradaky maglumatlar myhmanda uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň AFK-nyň hem-de FIFA-nyň agzalygyna girmegi hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berdi. Duşuşygyň dowamynda myhmana Aşgabadyň golaýynda häzirki zaman sport desgalaryny özünde jemleýän täze Arkadag şäheriniň gurulýandygy barada habar berildi. Şeýle hem ýakynda milli çempionatda üstünlikli çykyş edýän ady bir futbol toparynyň döredilendigi bellenildi. Söhbetdeşlikde myhman hormatly Prezidentimize FIFA-nyň ýörite futbol lybasyny hem-de resmi topuny, FIFA-nyň ýörite nyşanyny ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurdy. Sport ulgamynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ygrarlydygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Halkara futbol federasiýasynyň Prezidenti ýurtda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek ugrunda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyna ýokary baha berdi. Soňra myhman döwlet Baştutanymyzy özi bilen gelen wekilçilikli toparyň agzalary bilen tanyşdyrdy. FIFA-nyň ýolbaşçysy bu ýer de ýerleşdirilen eksponatlar bilen tanşyp, «Aziada-2017-niň» nyşanlary bilen aýratyn gyzyklandy. Soňra döwlet Baştutanymyz myhmanlar bilen Olimpiýa şäherçesindäki köpugurly Olimpiýa stadionyny synlady. Olimpiýa stadionynyň gümmezini bezeýän hem-de Aşgabat Aziadasynyň esasy nyşanyna öwrülen ägirt uly ahalteke bedewiniň uly göwrümli çeper keşbi myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewiniň türkmen halkynyň buýsanjy we milli baýlygy, ýurdumyzyň ähli ugurlarda depginli ösüşiniň nyşanydygyny aýratyn nygtady.

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino ak mermerli Aşgabatda gurlan dünýä derejesindäki stadiona gelip görmegiň özi üçin garaşylmadyk sowgat bolandygyny belledi. Halkara futbol federasiýasynyň Prezidenti Janni Infantino saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasary bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanda futboly hem-de umumy maksatlarydyr wezipeleri nazara almak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky meseleler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmanlar ýaşajyk futbolçylar bilen duşuşdylar, olar bilen gürrüňdeş boldular hem-de ýadygärlik surata düşdüler. Saparyň çäklerinde myhmanlar Arkadag şäherini synladylar. Häzirki zaman binagärliginiň we şäher gurluşygynyň ýokary ölçegleri ne laýyklykda işlenip taýýarlanan hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän bu ägirt uly taslama «akylly» şäher konsepsiýasynyň çäklerinde hereket eder. Janni Infantino bu ýeriň ajaýyp tebigy şertleriniň bardygyny, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine jogapkärli çemeleşilýändigini, munuň futbol bilen meşgullanmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýändigini aýtdy. Geljekde bu ýerde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde bu merkezi gurmak barada çözgüdiň kabul edilendigini aýratyn bellemek zerur we möhümdir. Şeýlelik-de,dünýäniň esasy futbol guramasynyň ýolbaşçysy we wekiliýetiň agzalary Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna hem baryp gördüler. Bu ýerde myhmanlar üçin Türkmenistanda we daşary ýurtlarda meşhur bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy guraldy. Ýurdumyzyň ähli ulgamynyň ösüş ugurlaryndaky özgertmeleri durmuşa geçirmek we onuň binýadyny mundan beýläk-de has-da pugtalandyrmak hakynda edýän ýadawsyz aladalary hem-de taýsyz tagallalary, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrýan taryhy, beýik özgertmeleri üçin hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyza we milli hem-de halkara derejede kanun esasynda ykrar edilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman we mähriban Arkadagymyza köp sagbolsunlaryny aýdýarys.

Goý, Belent Mertebeli Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman hem-de mähriban Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, başlary dik, il-ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

 

/Metbugat çeşmeleri esasynda taýýarlan/:

Şamuhammet Akmedow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maliýe-ykdysady bölüminiň baş hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.