Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“YNSANPERWERLIK ÝÖRELGELER DABARALANÝAR”

Golaýda şeýle şygar bilen TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň uly mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Daşara welaýatyň il sylagly ýaşululary, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri, talyp ýaşlar, KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” 22-nji maýynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular Geňeşiniň ikinji mejlisinde sözlän çuň manyly sözlerinden, öňde goýlan maksatlardan gelip çykýan wezipelerini wagyz etmek dabaraly maslahatyň özenini düzdi. Dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Aşyrdurdy Allaýew açdy. Çykyş edenler –  Türkmenistanyň Gahrymany Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular Geňeşiniň agzalary Türkmenistanyň hormatly il ýaşululary Henip Zahyrow, Toýly Kurbanmedow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Jumagül Hojaýewa, guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni Güljemal Nazarowa, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň talyby Gurbandurdy Jumanazarow dagylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň demokratik özgerişler ýoly bilen syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşlerine, ýetilýän täze sepgitlere bolan ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan amala aşyrylýan düýpli özgerişler her bir raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly esaslaryny döretmeklige, halkymyzyň parahat durmuşyny we milli jebisligi üpjün etmeklige hem-de ýurdumyzyň geljegi bolan çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir diýlip, çykyşlarda aýdyldy.

Ýurdumyzda alnyp barylýan işler çagalaryň bagtyýar geljegini üpjün etmäge, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir.

Bu günki gün ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynda esasy ugurlaryň biri bolup, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan bagtly çagalygyň, iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdudyr” diýen jümlesi hakykata öwrüldi. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy giň möçberli işleri amala aşyrýar. Gaznanyň ýanynda Ýaşulular Geňeşiniň döredilmegi bolsa, bu ähmiýetli işleriň has-da ilerlemegine ýardam berýär diýip, çykyşlarda bellenildi.

Maslahatyň dowamynda bedew bady bilen öňe barýan berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň hukuk binýadyny berkidýän, ýaş nesilleri bagtyň ak ýoluna ataran, olaryň röwşen geljegi ugrunda ählitaraplaýyn alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagy dileg edildi.

 

Gylyçdurdy Haýdarow,

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň

guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri

bölüminiň müdiri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.