- TM
- RU
Çagalygmyň keşbi siňen mekdebim,
Juwanlygyň görki bilen görklenen.
Sende başlanandyr bilime ak ýol,
Bu gün hoşlaşýaryn menem sen bilen.
«Soňky jaňyň» sesi — üýtgeşik mukam,
Gara gözler balkyldaýar şatlykdan.
Bilim ýüküm has artdyrsam geljekde,
Durmuşda hem alyp bilsem bäşlikden.
Özbaşdak ýaşaýşa ilkinji ädim,
Durmuş kitabynda täze sahypa.
Uzak menzillere badalgam-badym,
Rowaç bolup, golun gerse halypa.
Bu «Soňky jaň» ak günlere atarýar,
Ylym ýolumyza saçyp dur ýalkym.
Eziz Watan gujagynda göterýär,
Buýsanjy bolarys biz eziz halkyň.
Bilim beren, tälim beren, öwreden,
Mugallymlar, size çäksizdir sarpa!
Mähriban mekdebim — bilim ojagym,
Senden başlanýandyr eltýän ýol bagta!
Nursoltan Depbiýewa.
«Soňky jaňyň» oýlanmasy
Maý aýynyň ýigrimi bäşi,
Toýa beslenýär mekdebim.
Bu gün dokuz aýlyk işi,
Jemlemek asylly däbim.
Juwan ýaşly uçurymlar,
Bu mekdepden bolar gaýyp.
Ençeme bagty çüwenler,
Ýene okar bolup talyp.
Okuwçylar dynç alarlar,
Başlananda tomus pasly.
Alada bilen gurşalar,
Bagtyýardyr türkmen nesli.
Bilseň eçilýän mekdepdir,
Hemmä özbaşdak durmuşy.
Döwletimiz döredipdir,
Şeýle ajaýyp gurluşy.
Owazyndan «Soňky jaňyň»,
Many alyň hem öwreniň.
Bu däbimiz gelýär öňden,
Gadyryn biliň bu döwrüň.
Öwrenmäge, okamaga,
Oňat şertler döredilýär.
Bagtdan paýly ähli çaga,
Hemmä ünsli seredilýär.
Eýsem, mekdep diýmek näme?
Bilim hem edep ojagy.
Ol baky hormata eýe,
Mydama açyk gujagy.
Gara Täçmämmedow,
Gyzylarbat şäheri.