Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

YNSAN HAKDA ALADA.

Ýurdumyzda alnyp barylýan işler döwletimiziň geljegi bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistan bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar edildi. Bu işleriň sakasynda bolsa döwletimizde edilýän irginsiz aladalar, çagalar babatda alnyp barylýan ynsanperwer döwlet syýasaty durýar. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Muňa mysal edip, 1-nji iýunda dabaraly bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda  Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ýaşulular geňeşiniň mejlisiniň hem aýratyn many-mazmuny we ähmiýeti bardyr. Mejlisiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir işiň berk kanunçylyk esaslarynyň bolmagyna uly ähmiýet berilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine laýyklykda, çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri, ýaşlar barada döwlet syýasaty, ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi, bilim, medeniýet hakynda we beýleki kanunlarda, Zähmet kodeksinde, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda, Maşgala kodekslerinde, birnäçe beýleki hukuk namalarynda çagalary goramak bilen bagly meseleleriň aýdyň beýanyny tapýandygyny nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi şu ugurda alnyp barylýan işlere goşant goşmak maksadyna gönükdirilendir. Elbetde Gaznanyň alyp barýan işlerine biziň hormatly ýaşulularymyz uly goldaw berýärler. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gurnamagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasynyň ýanyndaky ýaşulular Geňeşiniň ikinji mejlisine bagyşlanan tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi alyp bardy Türkmenistanyň   Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň alyp baryjysy Nowruz Güýjow,   Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Şaberdi Amansaparow,     Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Nurmuhammet Öwezow we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň lukmany, Lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Aşgabat şäher Halk Maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulusy Gurbannazar Ataýew şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Kaýylmuhammet Ýazmuhammedow we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Parahat Meretliýew hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Demirýolçularyň kärdeşler arkalaşygy boýunça esasy hünärmeni Şatlyk Goşjanow dagylar gatnaşdylar. Bu söhbetdeşligiň dowamynda  şol taryhy ähmiýetli mejlisiň dowamynda Milli Liderimiz Ýakyn günlerde Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işine hem ak pata beriljekdigini we munuň özi hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça giň gerimli işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer diýip belledi. Bu ugurda maksatlaýyn işler barha giň gerime eýe bolýar. Munuň üçin döwletimiziň hem, gaznanyň hem serişdeleri ýeterlik diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Ýurdumyzda alnyp barylýan şeýle ägirt uly işler ösüp gelýän nesil baradaky aladanyň ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Bularyň ählisi Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda biziň aýdyň ertirlerimiziň eýesi bolan çagalar hakynda edilýän hemmetaraplaýyn aladanyň güwäsidir. Bu işde ýaşulularymyza aýratyn orun degişlidir.  Döwletimiz tarapyndan döredilen şertlerden ruhlanyp, Türkmenistanda bagtyýar, zähmetsöýer nesil kemala gelýär. Garaşsyz hem baky Bitarap döwletimizde halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen ajaýyp işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýaryn. Eziz Watanymyzy ösüşlere tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglygyny, asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Ogulnar BAÝRAMOWA, TKA-nyň Milli merkeziniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.