- TM
- RU
Golaýda, Daşoguz welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň KA-nyň Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramaklarynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly mynasybetli “Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe KA-nyň döwrebap wezipeleri” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Oňa TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Daşoguztelekom” WEAK-nyň, “Daşoguzpoçta” welaýat kärhanasynyň hem-de “Altyn-asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Daşoguz welaýat Daşoguz şäher bölümine degişli edara-kärhanalaryň işgärleri, KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň hormatly Il ýaşulysy Aşyrdurdy Allaýew, Türkmenistanyň awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň başlygy Ogulbahar Allanazarowa, “Daşoguzpoçta” welaýat kärhanasynyň poçta işini guraýyş we logistika bölüminiň hünärmeni KA-nyň işjeň agzasy Gülbahar Hudaýkulyýewa, “Daşoguztelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmeni KA-nyň işjeň agzasy Bähbit Ataýew, “Daşoguztelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň ykdysadyýet bölüminiň esasy hünärmeni KA-nyň işjeň agzasy Güljahan Arazkulyýewa dagylar çykyş etdiler.
Maslahatyň dowamynda işgärlere sagdyn we howpsuz zähmet şertleriniň döredilişi, tehniki we ekologiýa howpsuzlygynyň doly berjaý edilişini, zähmeti goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişi boýunça tapawutlanyp zähmet çeken welaýatyň aragatnaşyk pudagyna degişli işgärleriniň birnäçesine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şemşat Çaryýewa,
TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň awiasiýa we aragatnaşyk pudagy boýunça utgaşdyryjysy.