- TM
- RU
2023-nji ýylyň maýynda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular Geňeşiniň II Mejlisinde sözlän Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly çykyşyny kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň arasynda wagyz etmek.
Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmen halkynyň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň II-nji Mejlisiniň geçirmegi bilen TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy Abdyrahman Begjanow bilen kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň duşuşygy boldy. Duşuşyk Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we Kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn Asyr” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň welaýatlardan wekilçilik eden ýaşulylar bilen geçiren Mejlisinde sözlän taryhy çykyşlaryndan söhbet edilip, Balkan welaýatyndaky ösüşlerden, önümçiligiň senagat pudagyndaky alnyp barylýan işler barada gyzykly gürrüňler edildi.
Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly ajaýyp kitabynyň halkymyz, aýratyn-da, häzirki ýaşlar üçin nusgalyk gollanma öwrülendigini, ýolumyza çelgi bolup durýandygyny buýsanç bilen aýdyldy hem-de bu kitapda geçmişiň we geljegiň arabaglanyşygynyň bardygyny bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyndan wekilçilik edip baran ýaşululara minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda ýurdumyzyň günbatar sebitiniň dürli ugurlar, şol sanda oba hojalyk pudagy boýunça uly üstünlikleri gazanýandygyny kanagatlanma bilen nygtandygy, şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda döwrebap lukmançylyk edaralarynyň gurulýandygyna we olaryň gurluşyklarynyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ünsi çekip, bu işleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanjakdygyny aýdyp geçdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň dowamy bolan “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyny tamamlap barýandygyny, ýakyn wagtda okyjylara gowşuryljakdygy barada belläp geçen täsirli gürrüňlerine ýaşlaryň buýsançly başlaryny beýgeltdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda türkmen halkynyň eşretli durmuşy üçin uly aladalary edýän milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Arslan Çakanow
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň maliýe-ykdysadyýet bölüminiň esasy hünärmeni.