- TM
- RU
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasap edilýän adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet hakimiýet edaralarynyň baş wezipeleri bolup durýarlar. Şoňa görä-de ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň iş ýerlerini howpsuzlandyrmak, olaryň zähmet şertlerini gowulandyrmak-biziň garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň alyp barýan sosial syýasatynyň wajyp meselesidir.
Ýurdumyzyň baýry jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary raýatlaryň zähmet hukuklaryny goramak boýunça giň hukuklara we ygtyýarlyklara eýedirler. Zähmet adamlary üçin sagdyn we howpsuz zähmet şertlerini döretmek kärdeşler arkalaşyklary birleşmeleriniň tehniki gözegçilik gulluklarynyň hemişe üns merkezinde durýar.
Milli demokratik ýörelgelerimize we halkara talaplara laýyklykda tutuş halkymyzyň erk-islegi bilen döwlet ýolbaşçylygynyň wezipesine saýlanan Arkadagly Serdarymyzyň “Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň borjum bolar” diýen sözleri (Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabarada sözlän sözi, 19.03.2022ý.) Hormatly Prezidentimiziň turuwbaşdan öz halky baradaky aňrybaş adamkärçilige ýugrulan aladasy, gysga möhletiň içinde ýola goýan il-halk bähbitli uly başlangyçlary kalbymyza ganat berdi.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan bedew batly ösüşler, milli ykdysadyýetimiziň gitdigiçe senagatlaşmagy we döwrebaplaşmagy, zähmetkeşler köpçüliginiň hünär derejesiniň, aň-düşünjesiniň we hukuk medeniýetiniň gitdigiçe ýokarlanmagy-bular biziň döwürden yza galmazlyk, döwrüň barha ösýän talaplary bilen aýakdaş gitmek üçin öňküden tijenip işlemegi talap edýär. Bu ugurda bize nusgalyk görelde bolýan hormatly Prezidentimiz täze açylyp, ulanmaga berilýän önümçilik binalarda tehnologiýanyň iň soňky gazananlarynyň we öňdebaryjy tejribaniň ornaşdyrylşyna ýokary talap bildirýär, ol ýerlerde zähmet çekjek işgärleriň iş şertleriniň oňaýlylygynyň, tehniki howpsuzlygynyň, dynç alyş amatlyklarynyň üpjün edilmegine ünsi çekýär. Ylmylyk, toplumlaýynlyk, amatlylyk, ykdysady netijelilik we ynsanperwerlik zähmeti goramagyň häzirkizaman ýörelgeleri bolup durýar. Bu döwrebap kärhanalaryň gurulmagy bilen öň agyr hasaplanýan hünärler bu gün düýpgöter ýeňilleşýär. Agyr işi maşynlar öz üstüne alýar. Täze kärhanalarda işçilerden fiziki güýje garanda has köp talap edilýän zat-ylym-bilim, tehniki sowatlylyk, awtomatikada baş çykarmak. Welaýatymyzyň Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz menzili, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Garabogaz karbamit zawody, Gyýanlydaky polimer zawody ýaly täze girizilýän kärhanalarynda bolanymyzda olarda iňňän häzirkizaman önümçilik binalaryndaky awtomatik tilsimatlar, maksatnamalaýyn dolandyrylýan kuwwatlyklar, kompýuterleşdirilen enjamlar arkaly işçiler üçin örän rahat, howpsuz we arassa iş şertleriniň üpjün edilendigine şaýat bolýarys. Ýurdumyzda täze gurulýan kärhanalar üçin daşary ýurtlardan öňdebaryjy tilsimatlar saýlanylyp alnanda, olaryň ýokary netijeliliginden daşary önümçilik we ekologik taýdan howpsuzlygyna hem uly ähmiýet berilýär. Bu kärhanalaryň saglyk goragy we zähmet howpsuzlygy boýunça talaba laýyklygy halkara ülňülerine görä şahadatnamalar bilen kepillendirilýär, olaryň käbirleri bu ugurlarda halkara derejelerde sylaglara mynasyp bolýarlar. Howa, döwrebap kärhanalaryň gurulmagy biziň tygşytly ykdysadyýete, arassa önümçilige, howpsuz zähmete, sagdyn jemgyýete tarap ýolumyzdaky uly ädim bolup, olar has eşretli durmuşymyza ýol açýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň öz halky baradaky aňrybaş adamkärçilige ýugrulan aladalary ruhumyzy galkyndyryp, tutanýerli we halal işlemäge höwes döredýär. Raýatlarymyzyň zähmet şertleri babatda kanuny hukularynyň birkemsiz üpjün edilmegini, olaryň saglygynyň talabalaýyk goralmagyny gazanmak, bu barada olaryň aň-düşünjesini we habarlylygyny ýokarlandyrmak, iş orunlarynyň guralmagyny gowulandyrmak, zähmetiň kadalaşdyrylmagyny amatlaşdyrmak baradaky aladalar kärdeşler arkalaşyklary birleşmeleriniň tehniki gözegçilik gulluklarynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Iş berijiler we zähmet toparlary bilen geçirilýän düşündiriş we usuly-maslahat çärelerimizde biz “Döwlet-adam üçindir!” diýen ýörelgä eýerýän ynsanperwer jemgyýetimizde önümçilik işinde işgärleriň ömrüniň we saglygynyň hemme zatdan ileri tutulýandygyny nygtaýarys, işgärleriň aýratyn topary hökmünde zenanlar, ýetginjekler, maýyplar üçin ýörite bellenen ýeňillikleri ýatladyp, zähmet we zähmeti goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişini gözegçilikde saklaýarys. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleri hökmünde biziň hem mähriban raýatlarmyzy durmuş taýdan goramak işine ýakyndan dahyllydygymyz buýsanjymyzy artdyrýar, ynsan baradaky döwlet derejesindäki aladalara mundan beýlägem öz güýç ýetdik goşandymyzy goşmaga ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalary bilen bilelkide ýadawsyz alyp barýan işlerimizi jemgyýetimiziň parahat, durnukly ösüşine, agzybirlige, jebislige gönükdirmek, ilkinji nobatda bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň il-halk bähbitli syýasatyna, aýdyň maksatlaryna öz mümkingadar goşandymyzy goşmak biziň aýdyň maksadymyzdyr.
Annagylyç Abdyýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi.