- TM
- RU
Hormatly Prezidentimize ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, degişli güwänamalary gowşurdy. Bu waka bütin dünýäde syýahatçylaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana syýahat etmek islegini has artdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary esasynda 2010-njy ýylyň maýynda «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary girdejili pudagy hökmünde syýahatçylygyň emele gelmegini, syýahatçylyk hyzmatlarynyň bazarynyň ösmegini, syýahatçylaryň we syýahatçylyk işiniň subýektleriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň hukuk esaslaryny üpjün etdi.
Dünýä kartasynyň ýüreginde ýerleşen Garaşsyz Watanymyzda syýahatçylygy ösdürmekde durmuşa geçirilen işler bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatynyň nusgasynda hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylygy ösdürmekde tagallalary birleşdirmek ýaly ynsanperwer ýörelgelerimizi dabaralandyrýar. Şunda, 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolan ýurdumyzyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça iň möhüm düzüm bölegi bolan bu gurama bilen hyzmatdaşlygy barha giňeltmegi syýahatçylyk ulgamynyň ösmegine hem oňyn täsirini ýetirýär.
Mälim bolşy ýaly, dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolan ýurdumyzyň taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleri dünýä syýahatçylarynyň gyzyklanmasyny artdyrýar. Şolaryň hatarynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizilen «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy, gadymy Köneürgenç şäheri we Köne we Täze Nusaý galalary we beýleki taryhy ýerler bar.
Ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň buýsanç bilen nygtaýyşlary ýaly, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna 2015-nji ýylda girizilen «Görogly» dessançylyk sungaty, 2017-nji ýylda girizilen aýdym aýtmagyň hem tans etmegiň küştdepdi milli dessury, 2019-njy ýylda girizilen «Türkmen milli halyçylyk sungaty», 2022-nji ýylda girizilen «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» we «Türkmen keşdeçilik sungaty» ýaly milli mirasymyzyň täsirli ugurlary syýahatçylara ýatdan çykmajak täsirli pursatlary bagyşlaýar.
Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň ekoulgamynyň, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň täsinlikleri bilen birlikde, milletimiziň ahalteke bedewlerini seýislemek, türkmen alabaý itlerini we türkmen tazysyny ýetişdirmek, elguşçulyk we türkmen keçe sungaty, türkmen demirçilik senedi, türkmen milli göreşi, türkmenleriň ýerasty kärizleri we mirapçylyk däpleri ýaly gadymdan galan milli mirasymyz we Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzyň sanly mümkinçiliklerdäki ösen häzirki zaman keşbi syýahatçylygyň täsirini artdyrýan baýlyklarymyzdyr.
2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň dünýä syýahatçylygyny ösdürmegiň, medeniýetleri dostlaşdyrmagyň merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň buýsançly beýanydyr.
Türkmen halkynyň medeni mirasyny dünýä ýaýmakda, ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
Kuwwat JOLLYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygynyň kömekçisi.
“Adalat” gazeti.