Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KOMBAÝNLAR ORAGA TAÝÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstümizdäki ýylynyň galla oragy günsaýyn ýakynlaşýar. Hormatly Prezidentimiziň bu möhüm möwsüme hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek barada öňde goýan tabşyryklaryndan ugur alýan welaýatymyzyň gallaçylary „Tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda etraplardaky kärhanalarynyň merkezleşdirilen ussahanalaryň abatlaýjylary, kombaýynçylary, şeýle hem awtoulaglaryň sürüjileri guşgursak bugdaýy çalt, işripsiz orup almak, ony galla kabul ediş nokatlaryna ýitgisiz daşamak bilen baglanyşykly ähli zerur hasaplanylýan çäreleri guramaçylykly alyp barýarlar. Tehniki hyzmat ediş Kärhanalarynyň hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, gallaçylarymyzyň ygtybarly daýanjy hasaplanylýan kombaýynlaryň ählisi möhüm möwsüme irgözinden taýýarlanyldy.

Elbetde, galla oragynda möwsümiň depgini köp derejede kombaýynçylaryň gaýratly zähmetine bagly bolup durýar. Muňa gowy düşünmek bilen, oraga gatnaşjak ussat kombaýynçylar seçilip alyndy.  Olar her ýylda gallaçy kärendeçileriň ýetişdiren bereketli hasylyny çalt we yrýa etmän orup almakda ýokary netijeleri gazanýarlar, däp boýunça yglan edilýän özara bäsleşiklerde ýeňiji bolmagy başarýarlar. Üstümizdäki ýylda bolsa olaryň hersi has-da belent sepgitleri eýelemegi maksat edinýärler.

 

Selbi Hallyýewa

TKA- Daşoguz welaýat birleşmesiniň Maliýe ykdysadyýet bölüminiň esasy hünarmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.