- TM
- RU
Türkmen zenanlarynyň döredýän islendik el işini alanymyzda, bir hakykata göz ýetirmek bolýar. Ýürek mähri siňdirilip, yhlas bilen edilen işleriň deňsiz-taýsyz gözellige, gaýtalanmajak sungat eserine deňelmegi ýöne ýere däl diýdirýär. Türkmen gelin-gyzlaryna baha berjek bolsaň, olaryň elinden çykan işlerini, keşdedir nagyşlaryny synlaýmalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, zenanlar il-halkymyza şeýle üýtgeşik sungaty serpaý edip bilen mähribanlardyr. Hawa, şol gün Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde şaýat bolan taryhy wakamyzyň özeninde hem türkmen zenanynyň döreden gözelligi, şol nepisligi gorap saklamak, sarpalamak bilen, şeýle asylly ýörelgeleri geljekki nesillere geçirmek ýörelgesi dabaralandy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa öz agtyklary bilen Ogulabat ejäniň nusgalyk el işini sarpalap, mähriban enäniň ören alajasyny hem-de alaja örmekde ulanan iş guralyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurdy. Beýik Ogly dünýä beren beýik enäniň elinden çykan nepislikler bilen bu mukaddes ojagyň gymmatlyklarynyň üstüniň ýetirilmegi örän guwandyryjydyr.
Alaja inçe hem nepis iş. «Alaja aladyryn, nagşa läledirin» diýlişi ýaly, alaja salnan islendik nagşyň gözelligi has artýar. Şonuň üçin el işlerini alajasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Halk arasynda alajanyň ruhy güýjüniň bardygyna ynanylypdyr. Halkymyz ony gözden-dilden goraýjy hökmünde ulanypdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Biziň halkymyzda dagdan, düýe ýüňi, alaja ýaly zatlar ýakymsyz täsirlerden, gözden-dilden goraglylygy aňladýar» diýip belleýär. Hatda çarwadarlar hem yrym edip, ýagşy niýet bilen, täze doglan guzularyň, owlaklaryň, köşekleriň, atşynaslar taýçanaklaryň boýnuna alaja dakýarlar. Milli lybaslara, el işlerine, haly-palaslara aýratyn öwüşgin çaýýan alajanyň ak bilen gara sapaklardan işilmegine, örülmegine halkymyzda gije bilen gündiziň sazlaşygynyň beýany hökmünde garalýar. Nagyşlaryň «älem», «toýnuk», «içýanagyz», «gazaýak», «ýylanyzy», «gyýak» ýaly görnüşleriniň her biriniň özboluşly manysy bar. «Älem» nagşy salnan alaja täze gelin, «çagajykly» görnüşi, adyndan hem belli bolşy ýaly, çagalar üçin niýetlenendir.
Milli Liderimiziň atçylyk toplumlaryna baranda, ýa bolmasa milli baýramçylyklarymyzda özüne behişdi bedew sowgat berlende, şol bedewleriň, täze doglan taýlaryň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny daňan pursatlaryny her birimiz uly tolgunma bilen, gör, näçe gezek synlandyrys. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda alaja bilen baglanyşykly ýatlamasynda bedewler bilen didarlaşanda, eziz käbesi Ogulabat ejäniň elleriniň ýylysyny, gaýratyny her pursatda duýýandygyny, hatda ýaş çapyksuwarlaryň bäsleşiginde ýeňiji bolan agtygy Kerimgulynyň «Miras» atly bedewiniň boýnuna mähriban enäniň ören alajasyny dakandygyny, şol pursatlaryň ýakymly ýatlama bolup galandygyny nygtaýar.
Ogulabat eje manyly ömründe nesil terbiýesi bilen birlikde, çeper el işlerini hem ussatlarça ýerine ýetiripdir. Mähriban enäniň 2021-nji ýylyň ýazynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylan gelin kürtesini görenimizde-de muňa aýdyň göz ýetirýäris. Eli çeper zenanyň baldyzy üçin ýigrimi günde bejeren kürtesi bu gün muzeýiň gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri. Ine, ýakynda bolsa Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň mähriban gaýynenesiniň ören alajasyny guraly bilen Döwlet muzeýine gowşurmagy gelin kürtesiniň, gülli jorabyň üstüni ýetirmek bilen, milli mirasyň gymmatyny has-da artdyrdy. Elbetde, bu paýhasly edilen iş ýerine-de düşdi. Enäniň el işleriniň bir ýerde jemlenmeginde sazlaşyk, gözellik hem nusga bar.
Halypa halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa Döwlet muzeýine bu gymmatlygy gowşuran pursadynda, türkmen zenanyna mahsus asyllylyk bilen alajany agaç gurala berkidip, onuň nähili ulanylýandygyny düşündirdi. Görüm-göreldeden, edep-ekramdan ýüki ýetik halypanyň enä, onuň döreden el işlerine hormatynyň çäksizdigini şol pursatlar ýene bir gezek aýan etdi. Daşyndan synlanyňda, edýän işi sypaýy, zyba bolanda, oňa «eli gelşip dur» diýilýändir. Türkmen halysynyň milli muzeýinde bu hakykata ýene bir gezek göz ýetirdik. Halypamyz Ogulgerek Berdimuhamedowa öz agtyklary bilen muzeýe baranda, ýüwürdilgi halynyň başyna geçip, alaja nagşyny çitdiler. Şol pursatda ene bilen agtygyň arasyndaky mähirli gatnaşyklaryň zähmet terbiýesi bilen has-da gözelleşýändigi bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykdy.
Gahryman Arkadagymyz özüniň taryhy çykyşlarynda, ajaýyp eserlerinde jemgyýetiň sarsmaz sütüni bolan maşgala mukaddeslikleri, onuň agzybirligini berkitmekde, gorap saklamakda, watansöýüji, ynsanperwer nesilleri kemala getirmekde eziz enelerimize aýratyn ornuň degişlidigini nygtaýar. Gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýan halkymyzyň milli däp-dessurlarynyň, asylly ýörelgeleriniň nesilme-nesil geçip, dowamat-dowam bolmagynda-da, elbetde, enelerimiziň aýratyn paýy bar.
Goý, enelerimiz baky ýaşasyn! Olaryň döredýän nepis sungaty nesillere müdimi nusga bolup galsyn! Eneleriň sarpasyny belent tutup, mertebesini beýgeldýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Maýsa TAÝJYKOWA,
"Türkmenistan" gazeti.