- TM
- RU
Öňňin Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Mähir siňen nepislik» atly maslahat geçirildi. Ol ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine milletiň käbesi Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat bermegi mynasybetli guraldy. Maslahatda türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti bilen baglanyşykly meselelere zerur üns berildi.
Taryhy ähmiýeti bolan wakanyň hormatyna guralan maslahat Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşlykdan başlandy. Maslahata gatnaşyjylar sergide goýlan gymmatlyklary synlap, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Halkymyzyň amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklardan ybarat sergide türkmen zenanlarynyň döreden medeni mirasy görkezildi. Munuň özi dabaraly maslahatyň köptaraply häsiýete eýediginiň we onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Maslahatda edilen çykyşlarda aýratyn bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine we gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Bu bolsa ýaşlar üçin görelde mekdebidir.
Aýdym-sazlar we folklor toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşykly dowam eden maslahatda, ilki bilen, Ogulabat ejäniň elinden çykan nepis kürtäniň halkymyzyň täsin amaly-haşam sungatynyň nusgasyna öwrülendigi barada aýdyldy. Munuň özi türkmen zenanlarynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň häzirki döwürde-de -ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda Ogulabat ejäniň zenan mertebesine aýratyn ähmiýet berendigi barada aýdylyp, onuň el hünäriniň gelin-gyzlar üçin asylly ýörelgä öwrülmeginde çuňňur manynyň bardygy nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzdaky Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň alaja taýýarlamakda ulanan guralynyň gowşurylmagy bu wakanyň ähmiýetini has-da belende göterdi. Bularyň ählisi durmuş ýoly görelde mekdebine öwrülen Ogulabat ejäniň tebigata örän aýawly çemeleşmek barada gymmatly maslahatlary berendigini görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelip, Ogulabat ejäniň taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny we alaja taýýarlamakda ulanylýan iş guralyny gowşurmagynyň ähmiýetlidigini nygtap, maslahata gatnaşyjylar bu çözgüdiň asyrlar aşyp gelýän asylly we dünýä nusgalyk ýörelgeleriň häzirki döwürde-de ösdürilýändiginiň we dowamata atarylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülendigini nygtadylar.
Türkmen halkynyň eli çeper zenanlarynyň, şol sanda bu ugurda özboluşly görelde mekdebini döreden Ogulabat ejäniň elinden çykan işler ajaýyp milli gymmatlyklarymyzdyr. Ýaş nesilleri milli mirasa sarpa goýmak ruhunda terbiýelemekde olar örän uly ähmiýete eýe. Häzirki döwürde, aýratyn-da, türkmen zenanlarynyň döreden keşdeçilik we halyçylyk sungatynyň, çeper el hünärleriniň ýaşlaryň arasynda giň meşhurlyga eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär. Türkmen keşdeçilik, halyçylyk sungatlarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu nepis sungatlaryň ägirt uly ähmiýete eýediginiň subutnamasydyr. Şunda haly dokamak, alaja işmek ýaly el hünärlerine möhüm orun degişlidir. Maslahatda çykyş edenler bular barada buýsanç bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, şöhratly pederlerimiz özleriniň zehini we zähmeti bilen amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalaryny, özboluşly senetçiligi döredipdirler. Türkmen halkynyň döreden we nesilden-nesle aýawly geçirip gelýän milli gymmatlyklary, ruhy däp-dessurlary, ajaýyp halyçylyk sungaty dünýäde barha uly gyzyklanma eýe bolýar. Halk senetçilik önümleri bilen bir hatarda, türkmen zenanlarynyň dokan nepis halylary we haly önümleri kaşaň binalaryň, owadan köşkleriň esasy bezegleriniň biri bolup durýar.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ähli ugurlar bilen bir hatarda, milli medeniýetimiziň ösdürilmegi we halkymyzyň baý mirasynyň giňden wagyz edilmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Her ýyl ýurdumyzda özüniň nusgalyk işleri bilen ýaşlara görelde bolýan zenanlarymyza döwlet Baştutanymyzyň Permany esasynda hormatly atlar dakylýar. Bu bolsa türkmen zenanlarynyň döreden milli gymmatlyklarynyň dünýä derejesine çykmagyna giň ýol açýar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar häzirki döwürde milli medeniýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde uly alada edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.
“Türkmenistan” gazeti.