Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ARKADAGYŇ SAHAWATY — ÖMÜRLERIŇ ÇYRAGY

Şu günler dowam edýän sapaly dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bagtyýar ildeşlerimiz bilen birlikde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan çagalar hem wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Körpejeleriň tomusky dynç alyşlarynyň ýatdan çykmajak pursatlara beslenmegi üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde ähli şertler döredildi.

Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda «Daýanç» sagaldyş merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan çagalaryň gatnaşmagynda «Arkadag sahawaty — ömürleriň çyragy» ady bilen geçirilýän medeni çäreler üstünliklere beslenýär. Çäreleriň baý meýilnamasyna Awazadaky sazly suw çüwdürimler toplumyna we bu ýerdäki emeli derýa, «Älemgoşar» oýun-attraksionly seýilgähe gezelençler, körpeleriň arasynda sportuň küşt, şaşka, düzzüm görnüşleri boýunça ýaryşlar, «Bagtyýar çagalyk» atly söhbetdeşlik, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde psihososial goldawa gönükdirilen okuw sapagy, suw howdanynda suwa düşmek, lukmançylyk-bejergi işleri, hünär saýlamak boýunça çagalaryň arzuwlaryny diňlemek ýaly gyzykly çäreler girizilipdir. Şoňa görä-de, çagalar diňe bir dynç alman, öz ukyp-başarnyklaryny hem artdyrýarlar, zehinlerini açýarlar. Çagalar üçin şunuň ýaly şertleriň döredilýändigine şaýat bolanyňda, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakdaky aladanyň Watanymyzda bimöçberdigine aýdyň göz ýetirýärsiň.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine sanlyja ýylyň geçendigine garamazdan, gör, näçe maşgalanyň ojagyna bagtyýarlyk dolup, nijeme ýaş türkmenistanlynyň geljegi nurlandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän şeýle sahawatly işler eziz Diýarymyzyň bagtyýar çagalygyň, sagdyn we ruhubelent raýatlaryň ýurdudygynyň, halkymyzyň baş saglygynyň döwlet syýasatynda ileri tutulýandygynyň nyşanydyr. Ýeri gelende bellesek, 2021-nji ýyldan, ýagny döredilen gününden bäri gaznanyň hasabyna köp sanly çaga dürli lukmançylyk bejergileri ýerine ýetirildi, çagalaryň ençemesine zerur saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirilip, olar lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edildi. Bu asylly iş häzirki günlerde hem dowam etdirilýär.

— Maňa 2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Arkadagymyz bilen didarlaşmak miýesser etdi. Şol pursatda Milli Liderimiz bejergi alýan 2018-nji ýylda doglan oglum Muhammetala Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa ediljekdigini aýtdy. Şol ýylyň 17-nji iýunynda operasiýa üstünlikli geçirildi. Ondan soňky döwürde oglumyň ösüşiniň gowulanmagy, ynamly hereket etmegi maşgalamyzy diýseň begendirdi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Hiç zady alada etmäň! Siziň arkaňyzda dag ýaly döwletiňiz bar» diýen sözleri her demimde serime dolup, göwnümi galkyndyrýar. Häzirki günlerde bolsa oglum bu gaznanyň hasabyna bejergi alan çagalar bilen bilelikde «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýar. Bu biz — bagtyýar eneler üçin-de, perzentlerimiz üçin-de garaşylmadyk şatlykly waka boldy. Lukman Arkadagymyzyň howandarlyk etmeginde diňe bir çagalarymyzyň saglygynyň dikeldilmegi däl-de, eýsem, bagtly durmuşda ýaşamaklary, şadyýan dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler bar.

 

Biz — eneler sahawatly işleri alyp barýan Milli Liderimize hem-de peder ýoluny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys — diýip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Jahan Aşyrowa gürrüň berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna durmuşa geçirilýän işler ulus-ilimiziň jebisligini üpjün edýän asylly ýörelgeleri dabaralandyrýar. Çünki ynsan alada, mähir bilen gurşalanda, onuň kalby gözelleşýär. Çagalar hakda şunuň ýaly alada edilmegi, olara mümkinçilikleriň döredilmegi watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny has-da ösdürýär. Bu barada Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy, Yhlas Bäşimowyň ejesi Jahan Bäşimowa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol öz ýürek sözlerini şeýle beýan etdi:

— Şu ýylyň 20-nji iýunynda Milli Liderimiziň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna dogabitdi ýürek kemisligi bolan 11 ýaşly oglum Yhlas Bäşimowa ýerli lukmanlar tarapyndan çylşyrymly operasiýa geçirildi. Üstünlikli geçirilen operasiýadan soňra onuň ýagdaýy has gowulaşdy. Şu günler hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýarys. Deňiz kenarynda, arassa howada dynç almak çagalaryň saglygynyň has-da berkemegine uly itergi berýär. Biz perzentlerimiz bilen şeýle bagtyýar döwürde ýaşaýandygymyz üçin örän bagtly.

Gahryman Arkadagymyzyň hemaýaty ýüzlerçe ynsanyň başyny göge ýetirýär, olaryň arzuwlaryny amala aşyrmaga ýardam edýär. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ene ýüregimizden köp sagbolsun aýdýarys. Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, işleri rowaç bolsun!

Hawa, il içinde «Alkyşlynyň işi rowaç» diýilýär, enäniň ýagşy dileginiň, çaganyň päk arzuwynyň hasyl bolýandygyna ynanylýar. Biz hem il alkyşyna goşulyp, şeýle sogap işleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Çaryguly HANJAÝEW.

«Türkmenistan».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.