Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ARKADAG SAHAWATY

Ýurdumyzda çagalar çäksiz alada we söýgi bilen gurşalyp, olaryň erkana ösmegi, sagdyn ruhly hem-de berk bedenli bolmagy ugrunda döwlet derejesinde taýsyz tagallalar edilýär. Güneşli Diýarymyzyň çägindäki, şol sanda Gökdere jülgesinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsüminde ýaş nesliň wagtyny şadyýanlykda geçirmekleri üçin döredilen giň şertlerdir mümkinçilik hem bu babatdaky tagallalardan anyk nyşandyr. Mekdep okuwçylarynyň müňlerçesi tebigatyň gözel künjeklerinde ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde birnäçe tapgyrda dynç alyp, saglygyny berkitdiler. Şol çagalaryň arasynda welaýatymyzyň mekdep okuwçylarynyň uly topary bar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 11—16-njy awgusty aralygynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň meýilnamasy esasynda Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde çagalar üçin köpçülikleýin dynç alyş guraldy. Has anygy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alan çagalar üçin deňiz kenaryndaky agzalan merkezde dynç alyş guralyp, onuň çäginde «Arkadag sahawaty — ömürleriň çyragy» ady bilen medeni çäreler geçirildi. Bu çäreleriň ýatda galyjy we täsirli geçmeginde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Aşgabat şäher we welaýat birleşmeleri hem mynasyp tagalla etdiler.

Özleri hakda edilýän aladalary her bir ädimde duýýan bagtyýar çagalaryň kalby joşgunly. Munuň şeýledigine olaryň deňiz kenarynda guralan täsirli çärelere işjeňlik bilen gatnaşmagy-da aýdyňlygy bilen görkezdi. Çagalaryň işjeňligi çäreleriň täsirliligine we netijeliligine oňyn täsirini ýetirdi. Awazadaky şatlykly pursatlar, deňiz kenary boýunça gezelençler, aýdym-sazly dabaralar, sagaldyş çäreleri olaryň ýadynda uzak wagtlap saklansa gerek. Oňa gatnaşan çagalar şeýle bagtyýarlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

 

Hanmuhammet AMANGULYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy.

“Ahal durmuşy” gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.