- TM
- RU
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ähli tutumly işleriniň gözbaşynda türkmen halkynyň sagdyn ýaşaýşyny, beýik geljegini üpjün etmek meselesiniň möhüm we wajyp ähmiýeti bardyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Serdarymyzyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hakyndaky alada ýugrulan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň durmuş ýüzünde dabaralanýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty täze derejä çykarmaga gönükdirilen ägirt uly işleriň amala aşyrylmagy dowam edilýär. Milli bedenterbiýe we sport ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy we kämilleşdirmegi netijesinde, Türkmenistanyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, Türkmenistanda bedenterbiýe we sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýän, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýän “Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, ol resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizildi. Ady agzalan bu Kanunyň esasy maksady we wezipeleri türkmen jemgyýetinde ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmakda, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekde, şeýle hem olaryň saglygyny berkitmekde we keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak üçin hukuk binýadyny we zerur şertleri döretmek, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklyga deň elýeterlilik hukuklaryny üpjün etmek we goramak, Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty, raýatlaryň beden terbiýesini ösdürmek, Türkmenistanyň milli sport toparlarynyň sportuň görnüşleri boýunça halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmekleri üçin sport ätiýaçlygyny taýýarlamak üçin hukuk kepilliklerini we zerur şertleri döretmek, bedenterbiýäniň we sportuň subýektleriniň ygtyýarlyklaryny we jogapkärçiligini kesgitlemek we bu babatda olaryň gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmekden ybarat bolup durýar. Salgylanýan bu Kanunyň 6-njy maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmaga ukyply, fiziki we ruhy taýdan ösen nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmek maksady bilen, sportuň görnüşleri boýunça sport ätiýaçlygynyň we Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň taýýarlygyna gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça öňe süren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hazaryň kenarynyň howasy, aýratynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gurşawy ynsan üçin ýakymlylygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, deňziň kenarynda ýokary ekologik derejäni saklamak boýunça giň gerimli işleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ilatyň saglygyny berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimizde berkarar etmek amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu syýasat bolsa durmuş ugurlydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda bedenterbiýe we sport ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de milli kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk hem has-da kämilleşdirilmegi hakynda edýän taýsyz tagallalary we ýadawsyz aladalary, şeýle hem ähli ugurlar babatda giň möçberli tutýan tutumly işleri we taryhy, beýik konstitusion özgertmeleri üçin döwlet Baştutanymyz, Arkadagly Serdarymyza we milli hem-de halkara derejede kanun esasynda ykrar edilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman Arkadagymyza hoşallyklarymyzy bildirýäris. Hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, mähriban Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, başlary dik, bütin adamzat we döwlet bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
/Resmi maglumat çeşmeleri esasynda taýýarlan/:
Baýram GURTMYRADOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.