Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MILLI OÝUNLARYŇ SPORTDAKY ÄHMIÝETI

Ata-babalarymyz birnäçe milli gymmatlyklary asyrlaryň taryhynda döredip bize miras goýupdyr. Milli oýunlar hem ata-babalarymyzyň döreden ajaýyplyklarynyň biridir. Milli oýunlarynyň özüne çekiji güýji, ýaş nesli tebiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Şonuň üçin halkyň pähim-paýhasynyň gymmatly önümi bolan milli oýunlar asyrlardan-asyrlara, nesilden-nesle geçip, biziň şu günlerimeze çenli gelip ýetipdir.

Türkmen milli oýunlary döreýşi, ähmiýeti, görnüşi, ýerine ýetirilişi, täsirliligi, terbiýeleýjilik ähmiýeti boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Olaryň köpüsi möwsümleýin oýnalyp, oýunçylaryň ýaş aýratynlyklary boýunça birnäçe topara bölünýärler.

Ýaglyga towusmak bu ýaryşa diňe ýaşlar däl, gartaşan adamlar hem gatnaşypdyrlar. Öý tutanyň baýrak üçin bellenen zatlary tüýnükden asylyp, ýaryşa gatnaşýan ýigitler baýragy aljak bolup ylgawlaryna ýokarlygyna böküpdirler. Ýaglyk asýan adamy märekäniň özi belläpdir. Ýaglyk asýan adam ýaglygyň bir ujyny elindäki syryk bilen tünigiň bir ýerine gysdyrýar. Ol ilkibada iň gymmatbahaly zady meselem: dony, geýimlik matany, ketenini, ýüpek ýaglygy has gysgarak edip ýokardan asypdyr şondan soňra towusmak başlap gezek gezegine towusyp baýragy almaga synanşypdyrlar. Bu milli oýuna gatnaşyjynyň boýuna parh goýulmaýar. Ýaglyga towusylanda bat alyp bökmäge-de, duran ýeriňden bökmäge hem rugsat edilýär. 

Göreş halk ýaryşlarynyň iň meşhurlarynyň biridir. Çagalar aýak üstüne galyp, oýuna ýarap başlan wagtyndan tä jahyllyk, ýaşlyk döwri geçýänça göreş tutupdyrlar, çagalykdan türgenleşipdirler. Ökde pälwanlar toýlara gatnaşyp uly baýraklar alyp, uly abraýa eýe bolupdyrlar, garranlaryndan soň hem olaryň pälwan lakamy saklanypdyr. Göreş esasan uly toýlarda guralyp dürli ýerlerden pälwanlar çagyrylypdyr. Göreşmek üçin tekiz gumagrak, ýumşagrak ýer saýlanyp onuň diogonaly 50 metrden köp bolmandyr. Göreş görmäge gelen märeke, toý eýesi, emin bu meýdançanyň daşyna tegelenip oturypdyr. Göreşi ilki öz deňi-duşy bilen tutlyşýan kiçiräk ýaşly oglanlar we jahyllar başlapdyrlar. Baýraklar pälwanlaryň güýjüne göra bellenipdir. Pälwanlar agramlaryna göra toparlar bölünmeseler hem köplenç her kim agramy deňräk deň-duşy bilen göreşipdir. Emin pälwanlaryň guşak daňyşyna, tutuşyna, haýsy pälwanyň ýeňiş gazanandygyna gözegçilik edipdir. Göreşiň soňuna galan pälwan iň güýçli pälwan hasapalanypdyr hem-de iň uly hormatly baýraga eýe bolupdyr.

Häzirki wagtda türkmen göreşi sportuň milli görnüşine öwrülip, onuň meşhurlygy barha ýokarlanýar.

 

Gurtgylyç BEKIÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler

arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň

Babadaýhan etrap birleşmesiniň başlygy

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.