Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WELAÝATLARDAN HABARLAR

Eziz Diýarymyzda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek maksady bilen, ençeme sport desgalary gurlup, ulanylmaga berildi. Häzirki döwürde ýaşlara sport bilen meşgullanmaga ähli şertleriň döredilýändigi kalplary buýsanja besleýän hakykatdyr. Bu günki gün etrabymyzda ýerleşýän sport mekdeplerinde türgenleşýän ýaşlar ussat tälimçilerden tälim alyp, öz ukyp-başarnyklaryny artdyrýarlar. Etrabymyzda, welaýatymyzda hem-de paýtagtymyzda geçirilýän bäsleşiklere sport mekdeplerimiziň türgenleri hem işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa olaryň has-da kämilleşmegine şert döredýär. Biz hem jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri bolup, ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýetini giňden wagyz edýäris. Etrap derejesinde geçirilýän ýaryşlaryň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary gowşurýarys. Nesip bolsa, ýaşlaryň tejribelerini artdyryp, ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrjakdyklaryna pugta ynanýarys.

 

Hudaýnazar DURDYÝEW, Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap geňeşiniň başlygy.

***

Tejen etrap häkimliginiň ýörite meýilnamasy esasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda Tejen etrabynyň sport mekdebinde «Sport — sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy» diýen at bilen wagyznesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň sport we bedenterbiýe hereketine aýratyn uly üns berýändigini bellediler. Şeýle hem bedenterbiýäniň we sportuň ynsan saglygynda uly ähmiýete eýedigi, sport bilen meşgullanmagyň peýdasy barada giňişleýin durlup geçildi. Duşuşyga gatnaşyjylar sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Leýli ATAÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň işgäri.

“Türkmen sporty” gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.