- TM
- RU
Her ýylyň sentýabr aýynyp 1-30-y aralygynda geçirilmegi däbe öwrülen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň howpsuzlygynyň umumymilli çäresi hem Watanymyzda ynsan hakyndaky aladanyň, onuň ygtybarly goraglylygynyň has-da pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýaň ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň şeýle hem Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäheriniň lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi bilelikde gurnamagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäresini wagyz-nesihat etmek maksady bilen “Sagdyn nesil - beýik ösüşlere dowamat dowam” atly maslahat geçirildi, bu maslahatyň dowamynda ýol herekediň kadalary barada täsirli çykyşlar edildi. Şeýle-de bu maslahata Arkadag şäher prokuraturasynyň wekili Jennet Arazowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministriligiň wekili, polisiýanyň podpolkownigi Nepesgylyç Halymow, Türkmenistanyň Içeri işler ministriligiň polisiýanyň ýol gözegçiligiň müdirliginiň uly gözegçisi polisiýanyň maýory Juma Pygyýew, Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkeziniň bejeriş we maslahat beriş bölüminiň müdiri, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Perzana Babaýewa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Gülnabat Myradowa dagylar gatnaşdylar. Bu maslahat “Argadag” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Dogurdanam bu çäre 2013-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýän biraýlygyň çäklerinde ministrlikliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda maslahatlar guralýar we wagyz-nesihat dudşuşyklary geçirilýär ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň sowatlylyk derejesi ýokarlandyrylýar. Munuň özi köçe ýol hereketiniň kadalarynyň doly we dogry berjaý edilmeginde, ilatyň howpsuzlygynyň we abadançylygynyň üpjün edilmeginde örän uly ähmiýete eýedir. Halkymyzyň abadan we rahat durmuşyny üpjün etmek maksady bilen kada öwrülen netijeli çäreleriň toplumy adamlary seresaplyga, ýol-ulag hereketiniň düzgznleriniň pugta berjaý edilmegine çagyrýarys. Hemişe abadan ýollarymyzda rahatlyk höküm sürsün! Goý il-günüň nurana geljegi, bagtyýarlygy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Jennet Geldiýewa Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň
maliýe-ykdysadyýet bölüminiň esasy hünärmeni.