Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÖWLETLILIK TAGLYMATY

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda bolan dabaraly maslahata edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri, ýaşlar, ýaşuly nesliň wekilleri, şeýle-de Mejlisiň deputatlary gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlaryna geçen umumy sapakdaky çykyşynyň taryhy-syýasy ähmiýetini ildeşlerimiziň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen dabaraly maslahatda çykyşlara giň orun berildi.

Welaýat häkiminiň orunbasary Akgül Toporowa, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Annamuhammet Sarjaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Resul Işangulyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň başlygy Merdanaly Orazberdiýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň başlygy Meýlismyrat Myradow dagynyň dabaraly maslahatda eden çykyşlary uly dykgat bilen diňlendi. Olar çykyşlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlara geçen umumy sapagynyň taryhy ähmiýeti bilen tapawutlanyp, täze taryhy döwrümiziň şöhratly wakalarynyň birine öwrülendigini belläp geçdiler.

Maslahatda bellenilişi ýaly, Watanymyz bu gün okgunly ösýär, ähli ugurlarda guwandyryjy üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Şeýle ösüş-özgertmeli şanly günlerimizde ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar jemgyýetimizde egsilmez ruhy galkynyşy döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara geçen umumy sapagy diňe ýaşlarymyzda däl, tutuş türkmen halkynda uly täsirleri galdyrdy. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň taryhy we ýaş nesliň borçlary baradaky jümleleri, gymmatly öwüt-nesihatlary, sargytlary ösüşli ýollarda öňde duran wezipeleri kesgitlemekde, olary üstünlikli durmuşa geçirmekde, Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da arşa götermek ugrundaky tagallalara saldamly goşant goşmakda özboluşly hyjuw we ruhubelentlik berdi.

Toý ruhunda, işjeň häsiýetde geçen maslahata gatnaşyjylar ýaşlar baradaky aladany döwlet syýasatynda ileri derejede ähmiýet berýän, halkymyzy eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda medeniýet-sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren belent ruhly aýdym-sazlary, halk döredijilik çykyşlary kalplara ornap, ähliniň şatlygyna şatlyk goşdy.

 

Arslangeldi GYŞYKOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň başlygy.

“Ahal durmuşy” gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.