- TM
- RU
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Magtymguly etrap birleşmesi bilen kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda Magtymguly etrabynyň Magtymguly muzeýinde «Bahry Hazar arasy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, ussadyň beden terbiýesi, sagdynlyk bilen bir hatarda, Watany goramak hakyndaky şygyrlary kämil paýhas bilen kämil bedeniň sazlaşykly kemala gelmelidigini ündeýänliginden gelip çykýar. Magtymguly Pyragynyň ähli şygyrlary bilen bir hatarda sagdynlyk, beden terbiýesi baradaky şygyrlarynyň hem terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Türkmen halkynyň söz ussady Magtymguly Pyragynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly tagalla edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris.
Bahargül AMANOWA, Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Magtymguly etrap geňeşiniň hünärmeni.
“Türkmen sporty” gazeti.