- TM
- RU
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ulag hyzmatlarynyň ösdürilmeginde raýat awiasiýasy möhüm orny eýeleýär. Häzirki döwürde ýolagçylara ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmek milli raýat awiasiýamyzyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu wezipeleriň aýdyň çözülmeginde täze halkara we ýerli howa menzilleriniň, howa gatnaw ugurlarynyň açylmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Gal k yny şy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň raýat awiasiýa pudagynda uly ösüşler gazanylýar. «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 – 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan kadalara laýyklykda, raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, onuň düzümini döwrebap täze uçarlar bilen ýetirmek, pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de täze howa menzillerini gurmak we öňki bar bolanlaryň durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň raýat awiasiýa pudagynda ýokary depginli ösüşi gazanmak üçin halkara ähmiýetli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Milli raýat awiasiýamyz bu ugurda dünýäniň 50-den gowrak dürli ylalaşyklarynyň gatnaşyjysy, şeýle hem Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO), Howa giňişligini ulanmak babatdaky geňeşiniň, şeýle-de Döwletara awiasiýa komitetiniň agzasy bolmak bilen, Uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça Ýewropa agentligi (EASA) bilen bilelikde hereket edýär.
Indi birnäçe ýyllardan bäri ýurdumyza dünýäniň iň kämil we döwrebap uçarlary gelip gowuşýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021nji ýylyň ýanwar aýynda çykaran degişli Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda iki sany «A330-200» kysymly «P2F» görnüşli ýük uçarlaryny satyn almak barada baglaşylan şertnama laýyklykda, şu ýylyň 17-nji martynda hem-de 27-nji aprelinde paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bu ýük göteriji täze uçarlar gelip gowuşdy. Munuň özi ýük daşamalarynyň möçberleriniň artmagyna, üstaşyr ýükleri tiz wagtyň dowamynda bökdençsiz hem-de ygtybarly geçirmek işleriniň ýaýbaňlanmagyna ýardam etdi.
Ýurdumyzyň «Türkmenhowaýollary» agentligi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Boeing» kompaniýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklap gelýär. 2023-nji ýylyň 10-njy iýunynda hormatly Pre z i den t im iz i ň «Türkmenhowaýollary» agentligine 4 sany «Boeing 737-8 MAX 8» kysymly howa gämisini satyn almak barada «Boeing» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar bermek barada gol çeken Karary ýola goýlan bu işleriň guwandyryjy netijesidir. Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň gol çeken ýene bir Kararyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligine 2 sany «Boeing 777-300/ER» kysymly howa gämisini satyn almak barada degişli kompaniýalar bilen üçtaraplaýyn şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berilmegi ýola goýuldy.
Howpsuz uçuş-gonuş raýat awiasiýa pudagynyň esasy wezipesidir. Türkmenistanyň howa menzilleri bu ugurda «Thales» öňdebaryjy fransuz kompaniýasynyň howa hereketini dolandyrmagyň radiolokasion we nawigasion serişdeleri bilen doly enjamlaşdyrylandyr.
Ýurdumyzyň howa giňişliginde Howa hereketini dolandyryş gullugy tarapyndan dünýäniň 200-den gowrak awiakompaniýalarynyň howa gämilerine üstünlikli hyzmat edilýär. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň awiasion-tehniki bazasynyň howa gämilerine hyzmat etmek boýunça döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awiasion-tehniki merkezi bir wagtyň özünde 5 sany inçe fýuzelýazhly we 3 sany inli fýuzelýazhly howa gämilerine hyzmat etmegi üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda raýat awiasiýa pudagy üçin ýokary we orta bilimli hünärmenler Türkmenistanyň Inzhener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem-de «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýyş mekdebinde taýýarlanylýar. Şeýle hem «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan raýat awiasiýa pudagynda hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýet binýadyny we tehniki ulgamyny kämilleşdirmek, awiasiýa işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen bu ugra ykbalyny baglan ýaşlar yzygider ýagdaýda daşary ýurtlarda okuwa ýollanýar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde, türkmen döwleti dünýäniň köp ýurtlarynyň işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Bu ugurda «Türkmenhowaýollary» agentligi ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm orny tutýar.
Türkmenistan döwletimiziň milli raýat awiasiýasy ulgamynda gazanylýan mynasyp ösüşler Arkadagly Serdarymyzyň ilkinji nobatda, türkmen halkynyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşaýşy üçin edýän işleriniň netijesidir.
Biziň eşretli ýaşamagymyz, döwrebap syýahat etmegimiz, joşgunly zähmet çekmegimiz üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem - d e hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň janlary sag, başlary dik, işleri rowaç, belent başlary aman bolsun!
Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň, Aşgabat Halkara howa menziliniň Howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň Baş merkeziniň raýat sektorynyň uly dispetçeri, Kärdeşler arkalaşygynyň agzasy.
“Türkmeniň ýüpek ýoly ” gazeti.