Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILDI

Baky bagta eýe bolan mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda uludan bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna barýar. Bu günki günde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde toýlar toýlara, baýramlar baýramlara ulaşýar. Toýdur baýramlara beslenýän eziz Diýarymyzyň her bir güni bolsa ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlardan doly. Ine, şeýle ajaýyp günlerde ylym-bilim ulgamynda ýerine ýetirilýän işler bu ulgamda zähmet çekýän bilim işgärleriniň Garaşsyzlyk baýramyna toý sowgady hasaplanýar. Munuň şeýledigine ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde jemi jemlenen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Ylym-bilim — bagtyýar ýaşlaryň röwşen geljegi» atly döredijilik bäsleşigi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bäsleşige hödürlenen bilim işgärleriniň döreden şygyrlary, ýazan hekaýalarydyr makalalary olaryň döredijilik ussatlyklarynyň ýokarydygyny görkezdi. «Ylym-bilim — bagtyýar ýaşlaryň röwşen geljegi» atly döredijilik bäsleşiginde baş baýraga mynasyp bolan bilim işgärleriniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Güljemal SOLTANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy:

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni ajaýyp wakalara beslenýär. Bagtyýar halkymyz her bir baýramyny milli buýsanç, ýokary ruhubelentlik bilen uludan toýlaýar. Ýurdumyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň şanyna toýlanýan dabaralar uly şatlyk-şowhuna, belent ruhubelentlige beslenýär. Garaşsyzlyk baýramçylygyny ýurdumyzyň zähmetsöýer adamlary özleriniň mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarlar.

Eziz Diýarymyzda şanly Garaşsyzlyk toýumyz mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler baky bagtyýarlyga beslenip, her bir adamda ýatdan çykmajak täsirli duýgulary galdyrýar. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna bagyşlap geçiren «Ylym-bilim — bagtyýar ýaşlaryň röwşen geljegi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemine bagyşlanan dabara bolup geçdi. Döredijilik bäsleşigine gatnaşyp, ýeňiji bolmak bagty maňa hem miýesser etdi. Şatlykly pursatlarda bagtly duýgulary başdan geçirmek bizi täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze nesli kemala getirmek biziň her birimiziň, aýratyn hem bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Bu mukaddes borja wepaly bolup, ýaş nesilleri Watana wepaly ogul-gyzlar edip ýetişdirmek biziň üçin uly mertebedir. Mertebeli menzillerde, rowana ýollarda ýaş nesilleriň eşretli, bagtyýar ýaşamagy üçin öz mynasyp zähmetimizi, gujur-gaýratymyzy gaýgyrmarys. Günsaýyn özgerýän gözel Diýarymyzda baky bagtyýarlygy peşgeş beren, döredijilik dünýäsinde öz ukyp-başarnyklarymyzy açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin! Toýlarymyz toýa ulaşsyn!

Dürli SEÝITMÄMMEDOWA,
Gyzylarbat etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy:

— Çaga üçin ata-enäniň öwgüsiniň, okuwçy üçin mugallymyň oňat bahasynyň, ilhalar ynsan üçin il-günüň berýän bahasynyň gymmaty ýaly, ady aýdym deýin ajap, şany şygyr deýin mukaddes Watanymyzda geçirilýän döredijilik bäsleşikleri, dabaraly döredijilik duşuşyklary her bir döredijilik adamy üçin juda gymmatly zatlaryň biridir. Bilim işgäri hökmünde ylym-bilim ulgamynyň ösüşlerini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikleri wasp etmek hem uly bagtdyr. Bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleri makalalaryň, goşgularyň üsti bilen okyjylara ýetirmek buýsançdyr.

Hut maňa hem Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Ylym-bilim — bagtyýar ýaşlaryň röwşen geljegi» atly üç ugur boýunça geçirilýän bäsleşikde bagtyýar döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen güller açýan Diýarymyzy wasp edýän şygyrlarym bilen gatnaşyp, baş baýraga mynasyp bolmak miýesser etdi. Şygyr setirleri ýaly bir-birine sazlaşyp gelýän, biri-birinden gözel günleriň gujagyndan örleýän her bir pursadymyz ykbalyň beren ajap peşgeşidir. Bakylyga sapyp barýan bu bagtyýar günleriň tarypyny ýetirmek biziň her birimiz üçin mukaddes borçdur.

Bizi şeýle bagtyýar günleriň gujagynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Meňli MUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy:

— Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylym-bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär, ýaşlar milli ruhda terbiýelenýär. Bularyň ählisi ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň ýokarydygyny, mazmunynyň baýdygyny aýdyň beýan edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkymyz, galyberse-de döredijilik işgärleri özleriniň döreden eserleri bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna toý sowgady bilen barýarlar. Diýarymyzyň dürli künjeginde döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, bäsleşikler yzygiderli geçirilip durulýar. Şeýle döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler bolsa döredijilik bilen meşgullanýan adamlary has-da netijeli işlemäge, zähmet çekmäge höweslendirýär. Biz muňa «Ylym-bilim — bagtyýar ýaşlaryň röwşen geljegi» atly döredijilik bäsleşigine hödürlenen makalalaryň, goşgudyr hekaýalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik.

Maňa hem bu bäsleşikde Watanymyzyň ösüşlerini, eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny wasp edýän hekaýalarym bilen çykyş edip, hekaýalar boýunça baş baýraga mynasyp bolmak bagty miýesser etdi.

Watanymyzyň röwşen geljegi üçin, halkymyzyň asuda, eşretli, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Taýýarlan Sanjar ATAÝEW,

«Mugallymlar gazeti».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.