- TM
- RU
Düýn Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň mejlisler jaýynda pudagyň Aşgabat şäherine degişli edara-kärhanalaryndan işgärleriň gatnaşmaklarynda işgärlere öwüt-ündew etmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny düşündirmek, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidigini nygtamak, ýolyşygyň düzgünlerini, ähmiýetini düşündirmek maksady bilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak, ulagy dolandyrmagyň, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmek, ýollaryň ýagdaýyny degişli derejede saklamak ýaly ugurlara yzygiderli üns berilýär diýip bellediler. Şeýlede çykyşlarda ýurdumyzda iki taraply, köp zolakly ýollaryň, aýlawly, köp şahaly estakadaly köprüleriň, saga sowma ýollaryň, häzirki zaman ýol belgileriniň, ýol çyzgytlarynyň, san belgili ýolyşyklaryň, pyýada ýolagçylar üçin ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurlup ulanmaga berilmegi nurana ýollarymyzda raýatlarymyzyň barmaly ýerlerine sag-aman we tiz wagtda ýetmekleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden habar berdiler.
Maslahata gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sagdyn durmuşy berkarar etmekde, halkymyzyň saglygyny goramakda, ýaşaýyş-durmuş derejesini hasda ýokary götermekde maksatnamalaýyn alyp barýan il, ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Perhatmuhammet Öwezow
Tütkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň
kärdeşler arkalaşygynyň tehniki gözegçisi