Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KEŞDEÇILIGE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap birleşmesiniň we etrap zenanlar bölüminiň guramagynda «Türkmeniň keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň etrap tapgyry jemlendi. Etrek etrap bilim bölüminiň ýygnaklar zalynda bolan bäsleşige etrabyň ähli obalaryndan gelen zähmetsöýer, çeper elli zenanlaryň birnäçesi gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Ene-mamalarymyzyň parasatly ýörelgelerini özünde jemlän, nesilden-nesle geçip, şu günlere ýeten, ady äleme dolan keşdeçilik sungatyny geljekki nesillerimize nusgalyk miras galdyrmak, ýaşlarda zähmetsöýerligi, zenan edebini, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek we türkmen zenanlarynyň arkama-arka aşyp gelýän bu kesbini has-da dabaralandyrmak, şeýle hem gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän ajaýyp el işlerini wagyz etmek bäsleşigiň esasy maksady boldy.

Bäsleşige gatnaşýan zenanlar Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagynda we Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etmeginde eziz Diýarymyzda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, özleriniň ady äleme dolan keşdeçilik sungatyny ösdürmäge goşýan goşantlary barada buýsançly gürrüň berdiler. Şeýle hem bäsleşige gatnaşan zenanlar «Elimden çykan egnime ýarar» diýlişi ýaly, öz eden el işlerini geýip, onuň waspyny çeper sözleriň, goşgy setirleriniň, rowaýatlaryň we gazallaryň üsti bilen çeper wasp etdiler.

Gyzykly geçen bäsleşikde TDPniň Etrek etrap komitetiniň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça EHM-iň operatory Üzümgül Şadurdyýewa birinji orna mynasyp bolup, welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşige gatnaşanlara dabaraly ýagdaýda ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Japar Baýjaýew, TKA-nyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.

"Türkmenistan Sport" Halkara zhurnalynyň elektron goşundysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.