Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HALK BÄHBITLI  BEÝIK ÖSÜŞLER

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelerde döwletimiziň demokratik esaslary häzirki zaman talaplaryna laýyklykda berkidilýär. Halk häkimiýetini pugtalandyrmaga ýardam edýän jemgyýetiň syýasy ulgamy barha kämilleşdirilýär.

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahatlar merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeler we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýokary netijeli durmuş ugruna gönükdirilen ykdysady syýasat türkmen döwletini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileri ilerleýji häsiýete eýedir. Munuň aýdyň mysalyny soňky ýyllarda gazanylýan jemi içerki önümiň ösüşinden hem görmek bolýar. Munuň şeýledigine ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdylan görkezijiler hem aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Giňişleýin mejlisde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tassyklan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» 2024-nji ýylda döwlet dolandyryş ulgamynyň kämil gurallary arkaly durmuş-ykdysady syýasatyň durnukly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ýurdumyzy 2024-nji ýylda syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmek barada aýdylanlar öňümizde täze wezipeleri goýýar. Uly möçberli serişdeleriň durmuş ulgamyna gönükdirilmegi, şeýle hem aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk hem ýokarlanmagyna ýardam eder. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny ýene-de bir gezek subut edýär.

 

Arslan Çakanow

Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň maliýe-ykdysadyýet bölüminiň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.