Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KÄMILLIGIŇ BERK BINÝADY

Adamzadyň durmuşy ylym we bilim bilen aýrylmaz baglydyr. Ynsan ýaşaýşynyň ähli ugurlarynda, beýleki jemgyýetçilik ylymlary bilen bir hatarda, hukuk ylmynyň gözbaşy bolan hukuk terbiýesiniň we hukuk medeniýetiniň ähmiýeti uludyr. Ylaýta-da, mekdep ýaşly çagalara berilýän hukuk terbiýäniň ahlak terbiýesi bilen sazlaşykly özleşdirilmegi ýaşlaryň durmuşda hemmetaraplaýyn kämil şahsyýet bolup kemala gelmegine, umumadamzat ruhy-ahlak gymmatlyklary we jemgyýetde kabul edilen ahlak ýörelgeleri, düzgünleri we kadalary, ýurdumyzda hereket edýän kanunlara, jemgyýetçilik we döwlet bähbitlerine hormat goýmagy esasynda watansöýüjilik we raýatlyk ruhunda terbiýelenmegine ugrukdyrylandyr. Çaganyň bähbitleri babatda döwlet syýasaty çagada hukuk aňynyň we hukuk medeniýetiniň ýokary derejesiniň kemala getirilmegine gönükdirilendir.

Çagalary terbiýelemek, ata-eneler bilen bilelikde, jemgyýetiň hem üns-aladasynda durýan meseledir. Maşgala terbiýesi jemgyýetçilik terbiýesiniň iň bir ähmiýetli we özboluşly tarapydyr. Onuň özboluşlylygy, ilkinji nobatda, ösýän şahsyýete “ilkinji durmuş sapaklaryny” berýänligindedir. Bu sapaklarda çaga geljekdäki durmuş hereketlerine we onda özüňi alyp barmagyň dürli tärlerine gollanma alýar. Terbiýäniň ahlak, akyl, zähmet, gözellik, ekologik, hukuk, syýasy, ykdysady we beden terbiýesi ýaly görnüşleri bardyr.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň taryhy mirasyna, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan, şol bir wagtda-da döwlet gurluşynyň ykrar edilen öňdebaryjy dünýä tejribelerinden ugur alýan ýurdumyzyň kanunçylygy barha kämilleşýär. Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslaryny bilmek ýurdumyzyň ýaşlary üçin zerur bilimleriň biridir. Diýarymyzda bilim ynsanperwerlige hem-de adamlaryň we halklaryň biri-birine hormat goýmagyna esaslanýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesliň hukuklarynyň üpjün edilmegine we olaryň hukuk terbiýesine, hukuk  medeniýetine gönükdirilen uly möçberli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde hukuk bilimleriniň özleşdirilmegi ýaşlarda hukuk hakynda düşünjäniň döremegine, hukuk pikirlenmesiniň ösmegine, hukuk medeniýetini kemala getirmäge ýardam edýär. Ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary dersiniň okadylmagy nesil terbiýesinde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen nesiller üçin, ahlak we hukuk ýörelgelerine laýyklykda, bilim-terbiýe almaga giň mümkinçilikler, şertler döredilen.

Kanunlary amal etmekligiň aýrylmaz bölegi bolan hukuk medeniýeti we raýatlaryň hukuk aňy aňly-düşünjeli hereketlerden ybaratdyr. Hukuk kadalaryny we kanunlary berjaý etmeklige, ýerine ýetirmeklige we ulanmaklyga gönükdirilen hereketleriň aňly-düşünjeli bolmagy raýatlarda degişli hukuk medeniýetiniň bolmagyny talap edýär. Hukuk medeniýetiniň ýokary bolmagynyň esasy şertleriniň biri hem hukuk aňynyň giňligi, düşünjeleriniň we garaýyşlarynyň dürslügi bilen alamatlandyrylýar. Jemgyýetde hukuk taýdan medeniýetli adamlar degişli hukuk düzgünlerini berjaý edip ýaşamagy, işlemegi we hereket etmegi başarýarlar.

         Nesliň kämil şahsyýet bolup kemala gelmegi, hemmetaraplaýyn düşünjeli adam bolup ýetişmegi üçin ähmiýetli ugurlaryň biri hem ýokary derejedäki hukuk medeniýetidir. Çagalarda kanunçylygyň düzgünlerine, kadalaryna we talaplaryna düşünip bilmek, şeýle hem jemgyýetde özüni edepli alyp barmak ukyby dogabitdi bolmaýar. Ol ýörite geçirilýän terbiýeçilik çäreleriniň täsiri astynda emele gelýär. Şeýle hem daş-töweregindäki adamlar bilen aragatnaşykda bolup, dürli görnüşdäki işlere gatnaşmak arkaly kämilleşýär. Bu bolsa çaga hukuk terbiýesini bermegiň ilkinji ösüş ýollarydyr.

         Çagalaryň hukuk terbiýesi- bu çagalaryň kanunalaýyk özüni alyp barmagyň endiklerini we başarnyklaryny hem-de hukuk aňyny kämilleşdirmäge gönükdirilen işdir. Hukuk terbiýesiniň ösüşine çaganyň durmuşynda maşgala we bilim edaralary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalary jogapkärçilik çekýärler. Bu ugra gönükdirilen işiň esasy maksady çagalaryň hukuk goraglylygyna we azatlygyna gözegçilik etmekdir. Şeýlelikde, hukuk terbiýesiniň maksady çagalarda ýokary hukuk medeniýetini kemala getirmekdir. Raýatyň döwlet tarapyndan berkidilýän, kepillendirilýän we goralýan hukuk gatnaşyklaryny we esasy hak-hukuklaryny aňyna ýetirmekdir.

         Beýleki terbiýeçilik işleri bilen bir hatarda, çagalaryň hukuk terbiýesiniň özboluşly aýratynlyklary we wezipeleri bar. Birinjiden, çagalarda hukuk biliminiň bolmagy kanunlar we kadalar bilen tanşyp, jemgyýetçilik ahlak kadalarynyň çäklerinde özüniň we ýaşdaşlarynyň özlerini alyp barşyna, hereketlerine, şol sanda jemgyýetiň talaplaryna seljerme geçirmäge kömek edýär. Bu bolsa çaga terbiýesinde hukuk medeniýetiniň ýokary bolmagyna ýardam berýär. Hukuk terbiýesi, ikinjiden, hukuk düşünjeleriniň jeminden gelip çykýan şahsyýet gatnaşyklaryny kesgitleýän dürs garaýyşlaryň, duýgularyň esasynda hukuk aňynyň emele gelmegidir. Üçünjiden, mekdep ýaşyndaky çagalaryň öz ýurduna we onuň kanunlaryna hormat goýmagyny, hereket edýän kanunlary berjaý etmek zerurlygyna düşünip bilmegini gazanmakdyr. Terbiýäniň bu görnüşinde çaga kanunçylyk esaslarynyň we onuň wezipeleriniň sosial ähmiýetine düýpli düşünmek, giňişleýin göz ýetirmek arkaly hukuk taýdan terbiýelenýär. Dördünjiden,  kanuny tertip-düzgünleri öwrenmek akyl ýetirip bilmek ukybyny kemala getirmekdir. Şeýlelikde, hukuk terbiýesiniň, hukuk wagyz-nesihatlarynyň çäklerinde ýokary derejeli hukuk medeniýeti döreýär we hukuk ösüşi kämilleşýär. Ýurtda hereket edýän kanunlary, jemgyýetçilik ahlak kadalaryny bilýän adam zehinli we ýiti bolýar. Ýaşlykda ahlak terbiýesi bilen bilelikde, hukuk terbiýesini gören çaga jemgyýetçilik düzgünlerini dogry berjaý edýär. Onuň kanunlara, borçlara, kadalara bolan giň düşünjesi, medeniýeti ters hereketlere ýol bermeýär. Çünki hukuk medeniýeti jemgyýetiň aýratyn ýuridiki gymmatlygydyr.

 

Bägül Ataýewa,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Mary welaýat birleşmesiniň derňewçisi.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.