Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HALK BÄHBITLI IŞLER

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahatlar merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeler we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ýurdumyzy 2024-nji ýylda syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmek barada aýdylanlar öňümizde täze wezipeleri goýýar. Uly möçberli serişdeleriň durmuş ulgamyna gönükdirilmegi, şeýle hem aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk hem ýokarlanmagyna ýardam eder. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny ýene-de bir gezek subut edýär.

Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

 

Seýitmyrat Atamuradow

TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň

başlygynyň orunbasary.                               

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.