Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HORMATLY PREZIDENTIMIZ “ÝAŞLAR-WATANYŇ DAÝANJY” ATLY ILKINJI KITABYNY HALKYMYZA PEŞGEŞ BERDI

 Uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabyny halkymyza peşgeş berdi. On iki bölümden ybarat, bu ajaýyp eserde ýurdumyzyň ýaşlarynyň dürli pudaklarda gazanan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitabynyň ilkinji sahypasynda:

 “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip, uly ynam bilen belleýär.

 Bu ajaýyp eser “Ýaşlar bilen geljegimizi gurýarys” diýen bölüm bilen tamamlanýar. Şol bölümde şeýle buýsançly jümleler bar:

 “Halkymyz, Watanymyz, Döwletimiz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy-zehinlerimize ylham çeşmesi, üstünliklerimize badalgadyr. Asylly ýol-ýörelgeleri mynasyp dowam etdirýän ýaşlar beýik işleri başarýandyr. Zehinli, başarnykly, gujurly ýaşlarymyz bilen täze ýylymyzy hem ajaýyp zähmet üstünliklerine beslejekdigimize pugta ynanýaryn. Biz geljegimizi ýaşlarymyz bilen bilelikde gurýarys!

Gündelik işlerimizde bize gymmatly hazyna ýakyn maslahatçy boljak ilkinji kitabyny sowgat berip, göwünlerimizi galkyndyran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamy ýiti bolsun, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun!

 

Çaryýew Myratgeldi,

TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň

Maliýe-ykdysady bölüminiň

Baş buhgalteri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.