Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KÖP ÇAGALY MAŞGALALARYŇ ARASYNDA GEÇIRILEN “SAGDYN MAŞGALA – SAGDYN NESIL” ATLY BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI ANYKLANYLDY

Welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda 2024-nji ýylyň 21 nji fewralynda  Mary şäheriniň 4-nji sport mekdebinde köp çagaly maşgalalaryň arasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli  “Sagdyn maşgala – sagdyn nesil” atly estafeta bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Mary welaýatynyň etraplaryndan, şäherlerinde  jemi 10 maşgala toparlary gatnaşdylar. Maşgala toparlarynyň her biri 6 sany türgenden ybarat  bolup, oňa eje, kaka we 4 sany çaga gatnaşdy. Bäsleşik  Mary welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi we Türkmenistanyň  ýaşlar Bedenterbiýe sport guramasynyň Mary welaýat bölümi tarapyndan tassyklanylan Düzgünnama esasynda alnyp baryldy.

Örän gyzykly we çekeleşikli geçen ýaryşda adalatly eminler topary toprynyň  netijesi esasynda  Murgap etrabyndan  “Bagtyýar” atly Atdaýewleriň maşgala topary 1-nji orna, Ýolöten etrabyndan  “Sagdyn nesil” atly Hojaýewleriň maşgala topary 2-nji orna we Garagum etrabyndan “Rowaç” atly Çaryýewleriň maşgala topary 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri we gatnaşyjylar Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen höweslendirildi.

Bäsleşige gatnaşyjylar bagtyýar zamanamyzy gurup beren, türkmen halkynyň bagtyýar geljegi ugrunda tagalla edýän   Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, başlarynyň dik, mertebeleriniň belent bolmagyny, il-ýurt, umumyadamzat bähbitli beýik işleriniň mundan buýana-da rowaç almagyny arzuw etdiler.

 

Kerimgeldi  Sähetmyradow,

TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň

Maliýe-ykdysady bölüminiň

esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.