Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGDYN DURUMUŞYŇ GELJEGI-SPORT

Berkjarar döwletimiziň täze galkynyş döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda,Hornatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmek, "Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy"ýylynda bedenterbiýäni giňden ýaýbanlandyrmak, Diýarymyzy? ähli welaýatlarynda bolşy ýaly Daşoguz welaýatynyň kärdeşler arkalaşyklary jemgyýetimizde sagdynlygy berkarar etmek,bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda  tagallalaryndan ugur alyp, döwrebap wagyz-ündew çärelerini geçimegine üns berýärler.

Ýaňy ýakynda Döwlet edaralarynyň we saglygy goraýyş  işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher Geňeşleriniň we Daşoguz welaýatynyň  bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde guramagynda Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady we Gurbansoltan eje adyndaky likmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň talyplaryň arasynda Daşoguz şäherindäki ýetginjikleriň we çagalaryň N-4-nji sport mekdebinde   woleýbol ,küşt we şaşka görnüşleri boyunça sport ýaryşlary geçirildi. Dost-doganlyk we ruhubelentlik ýagdaýda,gyzykly geçen ýaryşlarda iň ökdeler öňe saýlandy.

Küşt görnüşi boyunça ýaryşlara oglanlar  bilen deň hatarda gyzlar hem ajaýyp netijeleri gazanylýandygyny görkezdiler.Onda Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň tassyklanan Düzgünnamasyna laýyklykda toparlaryň arasynda geçen ýaryşlarda küşt we şaşka  görnşleri boyunça 1-nji ýere maliýe-ykdysady orta hüňär okuw mekdebiniň ,woleýbol görrünşi boyunça Gurbansoltan eje adyndaky  lukmançyluk orta hünär okuw mekdebiniň  talyplary I-nji eýelediler.

Ýaryşlarynyş ýeňijilerine Daşoguz welaýat sport we bedenterbiýe baradaky Baş maliýe müdirliginiň  hormat hatlary  we Döwlet edaralarynyň  hem-de saglygy goraýyş edralaryny? Işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşleriniň  höweslendiriji sowgatlary   dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu ýaryşlarynyň maksady Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty goldap sagdyn jemgyýeti pugtalandyrmak, köpçülikleýin  bedenterbiýe we sport  hereketini ýaýbanlandyrmak bilen ösüp gelýän  ýaş nesli berk bedenli,sagdyn ruhly,ýaramaz endiklerden daşda durýan,päk ýürekli,watansöýüji ýaşlar  bolup ýetirmekden ybarat bolup durýar

Türkmen sporty belent sepgitlere ýetirmekde taýsyz aladanylýan Gahryman Arkadagymyzyň,Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag , belent  başlary aman bolsun,il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyga beslensin!

 

Bibigül Amanowa-Döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-ň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.