Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Haýyr-sahabatly menziller

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň her güni toýdyr baýramlara şanly senelere haýyr sahabat işlere beslenýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy” ýyly hem başyndan dünýäniň iň uly guramalary bilen öz işini doslukly guramaçylykly parahat söýüjilikli işler bilen dowam edýär. Şeýle guramalaryň biri hem ÝUNISEF guramasydyr. Häzirki wagtda bu gurama bilen Türkmenistanyň alyp barýan işleri uly üstünliklere haýyr sahabat işlere beslenýär. Mälim bolşy ýaly ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna saglygyny dikeltmek üçin kömege mätäç çagalara lukmançylyk hyzmatlarynyň berlendigi we olaryň ýagty geljege bolan umytlaryny pugtalandyrmaga bolan goşandy üçin diýen Güwänamany gowşurdy. Bu hem bolsa ýene bir ýola Türkmenistanyň dünýäni haýra goýan  ynsanperwer haýyr-sahabat işleriniň alnyp barylmagynyň aýdyň subutnamasydyr. Degişli Güwänamany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz  24-nji fewralda Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde gowşurdy.  Saparynyň barşynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ýaşaýan saglygyny dikeltmek   üçin kömege mätäç çagalaryň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeltmegi boýunça geçirilmeli işleriň meýilnamasyny tassyklady.

Bu hem bolsa  Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly  Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýaş nesliň durmuş goraglylygynyň, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmegiň toplumlaýyn ulgamy kemala geldi. Munuň özi ýaşlaryň saglygyny goramak babatda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Geçen döwürde howandarlyga mätäç birnäçe  çagalarda  operasiýa geçirildi we ýatymlaýyn şertlerde bejergi işleri amala aşyryldy.    Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berilmegi, haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna zerur bolan saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň gönükdirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam berýär.  Şunda ösüp gelýän ýaş nesilleri paýhasly pederlerimiziň döreden dünýä nusgalyk däp-dessurlary esasynda terbiýelemek, çagalar öýünde terbiýelenýänlere mynasyp atlary dakmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.Şunuň ýaly ynsanperwer işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän asylly ýörelgeleriň bardygyny bellemek gerek.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryny hem-de olarda Watana wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek maksady bilen Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallary bilen  döredildi.  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylan çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem açylyp ulanmaga berlendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu merkezde çagalaryň terbiýe almagy, gatnap we ýatymlaýyn esasda olaryň saglygyna seredilmegi üçin ähli şertleriň bardygyna aýratyn  ünsi çekdi. Bu ugurda geljekde-de maksatlaýyn işleriň alnyp baryljakdygyny, onuň çäkleriniň has-da giňeldilip, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň maksat edinilýändigini aýdyp, lukman Arkadagymyz amala aşyrylýan işleriň ygtybarly kanunçylyk esaslarynyň bolmagyna uly ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy” tassyklanyldy. Ýurdumyzda çagalygy goramak, maşgalany goldamak, ýaş nesliň beden, aň hem-de ruhy ösüşini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärli, toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini bellemek gerek. Şeýle ajaýyp dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun alnyp barýan dünýä nusgalyk işleri dowamat dowam bolsun.

 

Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň

kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy

Türkmenistanyň mejlisiniň deputaty

Ýeňiş Haýtjanow.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.