Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap birleşmesiniň Geňeş agzalarynyň we ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda Dänew etrabynyň Medeniýet merkezinde geçen okuw maslahatda Zähmet kanunçylygynda girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler, Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň hukuklary we borçlary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda iş resminamalarynyň ýöredilişi, ýyllyk iş meýilnamalarynyň düzülişi barada, ilkinji guramalarda ýyllyk maliýe hasabatlarynyň alnyp barlyşy hakynda edilen çykyşlar diňlenildi.  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Atajan Çaryýew Türkmenistanyň Zähmet kanunçylygyna giren goşmaçalar we üýtgetmeler we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasy, durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça giňişleýin çykyşy bilen maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap birleşmesi tarapyndan guralan maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Magtymguly Jumaýew,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Dänew etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.