Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy zehinleriň ylham çesmesi

Ýakynda Saýat etrabynyň Sakar şäher Medeniýet öýünde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ‘’Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy zehinleriň ylham çesmesi’’ atly edebiýat agşamy geçirildi. Oňa döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyz, bilim işgärleri we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Edebiýat agşamynda türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligi, onuň şygyrlarynyň ýaş nesle edep-terbiýe bermekdäki ähmiýeti dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. Döwürdeş ýazyjylarymyz gündogaryň akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanyp çap edilen kitaplar, şahyryň goşgularynyň dünýä halklarynyň dilinde terjimi edilişi dogrusynda söz açyp, watançylygy, zähmetsöýerligi, hoşsözlüligi ündeýän şygyrlarynyň asyrlarboýy gymmatyny yitirmeýändigini nygtadylar. Etrabymyzyň mekdep okuwçylary Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan goşgulary, nutuklary, taýýarlan sahna oýunlary bilen çykyş etdiler. Edebiýat agşamynyň çäginde şahyryň eserleriniň sergisi hem guraldy. Edebiýat agşamyna gatnaşyjylar beýik şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmek, ony dünýä ýaýmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

 

Mähri Kadyrowa,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklrynyň

Saýat etrap birleşmesiniň buhgalteri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.