Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Magtymguly diýlip ady tutulsa...

Meniň gözümiň alnynda «gözsüzleriň gözi», «lallaryň sözi», «il-günüň ýüzi », «Hatam Taýyň özi...» bolan şahyryň keşbi janlanýar. Gojalan şahyr ömürboýy uly ýüreginde döreýän pikirleri syntgylaý-syntgylaý, merjen-zümerret derejesine ýetirip, il-güne hödürläpdi. Ol dünýäden hiç zat tamakin bolmandy, diňe döredipdi, döredipdi, döredipdi. Magtymguly jahanda ynsan hökmünde-de, söz ussady hökmünde-de telim ömre ýetjek işleri bitiripdi. Dünýä meşhur dramaturg Uilýam Şekspiriň döredijiligini içgin öwrenen edebiýatçylaryň biri: «Iňlisleriň durmuşyndan ýekeje zadyňam onuň ýiti nazaryndan synmandygyna haýran galaýmaly» diýip ýazypdyr. Bu sözleri türkmenleriň durmuşy bilen baglylykda, Magtymguly hakda-da arkaýyn aýtsa bolar. Öz ömründen uzak ýaşajak, soňky nesilleriňem ýüreginde orun aljak çuň mazmunly, ajaýyp eserlerinde halkyň köňlünde besleýän zatlarynyň hemmesini inçeden, özboluşly beýan etmäge ukyply bir üýtgeşik zehinli şahyryň dünýä inmegine türkmen asyrlaryň dowamynda garaşypdy. Magtymguly milli edebiýatymyzda hadysa bolupdy: goşgulardaky çuňňur pikirler, olaryň çeperçiligi diňleýjileriň akylyny haýran edýär. Milli şahyra öwrülmek, «Ismim düşdi ilden-ile» diýip ynamly aýtmak Magtymguludan ozal hiç bir şahyra başartmandy. Söz ussady Berdi Kerbabaýew: «Magtymgulynyň şygyrlary ömürlik ýaşaýşy hakykat üsti bilen gazandy. Onuň şygyrlaryndaky hüjümler hem gazaplar, söýgüler hem ýigrençler, ynamsyzlyklar hem umytlar könelenok, hiç wagtda köneljek-de däl. Sebäbi olar halkyň durmuşyny, aýratyn adamyň ömrüni dyngysyz derňän hem seljeren şahyryň sap ýüreginden gaýnap çykan sözlerdir. Magtymgulynyň ähli pikiri adamlaryň geljegi üçin gowulyk ýoluny agtarmaga gönükdirilendir» diýip belläpdi.

Ýaşan döwri nähili gowgaly bolup, nähili agyr günlere sezewar bolsa hem, beýik şahyryň joşgunly sesi birjigem peselmeýär. Ilini görer gözüne deňeýän şahyr:

 «Magtymguly, sözle herne bileniň,

Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,                          

Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň,

Senden soňkulara ýadygär bolar» —

diýýär. Ol wagtdan üstün çykan şahyr bolansoň, biziň asyrymyzda-da: «Magtymguly aýtmyşlaýyn», «Magtymguly aýdypdyr ahyry», «Magtymgula gulak goýalyň» ýaly yzy goşga sapyp gidýän sözler adamlaryň zybanynda. Magtymgulynyň ady tutulan mahaly adamlaryň bir gulaga öwrülmeginde hiç hili geň-taňlyk ýok — ol dünýäni söze sygdyrmagy başaran şahyr!

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň öz halypasyna bagyşlan goşgusynda:

«Dag-u-derýalary dogran tebigat,

Sag bol, Pyragyny bagyşlanyňa!

Sag bol, şeýdip bu gadymy topragy,

Bu buýsançly halky alkyşlanyňa!» —

diýen setirler bar. Biz beýik Magtymgulymyzyň bardygy üçin juda, juda bagtlydyrys! Beýik Magtymgulyny söýmän, oňa tagzym etmän bolanok. Bu düýnem şeýle bolupdy, şu günem şeýle, ertirem şeýle bolar!

 

Merdan Ýaňybaýew,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Lebap welaýatynyň Dänew etrap birleşmesiniň

esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.