Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«NEBITÇI» — ÇAGA DÜNÝÄSINIŇ GÖZEL KÜNJEGI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gözel Gökderede gurlan dynç alyş merkezlerinde ençeme ýyllardan bäri tomsuna we gyşyna çagalaryň müňlerçesi wagtyny netijeli geçirýär. Bu merkezlerde çagalaryň dynç almagyny talabalaýyk üpjün etmek üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Olaryň arasynda «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (ÝGPJ) «Nebitçi» sagaldyş we dynç alyş merkezi has-da tapawutlanýar. «Nebitçiniň» esasy gözelligi tebigy durkundadyr. Jülgäniň jümmüşinde gür baglara çümüp oturan merkeziň diýseň salkyn saýaly howasy jana şypaly. Soňky ýyllarda ekilen baglar üstünden asyrlary geçiren daragtlara boýuny deňläberipdir. Hut şonuň üçin hem, ilki bilen, tokaýa öwrülen saýaly we miweli baglaryň kölçelerinde we meýdançalarynda nazaryň eglenýär. Ýaşyl zolakly we al-elwan gülli meýdanlary synlanyňda, bagbanlaryň bu ýeriniň hyzmatyny ýetirýändigini duýmak bolýar. Şaglap akýan çeşme bu töweregiň ösümlik we haýwanat dünýäsine ömür berýär.

Merkezde milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan, ýurdumyzyň iň iri pudaklarynyň hatarynda durýan «Türkmennebit» döwlet konserninde, şol sanda nebit-gaz toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän adamlaryň çagalary ýokary derejede dynç alýar. Dury asmanyň astynda, keremli daglaryň eteginde çagalar bigam ýaýnaýar.

Häzir tomsuň örküji bolansoň, bu ýerde dynç alýan mekdep okuwçylarynyň esasy gowy görýän pişeleriniň biri-de suwa düşmek bolup durýar. Suw oýunlary olar üçin iň gyzykly güýmenje. Çagalar suwda dürli oýunlary erkin oýnamak bilen birlikde, özara bäsleşikleri hem guraýarlar. Şonuň üçin hem suwa düşmek üçin bellenilen wagtlarda Gökderede çaga şowhuny hasam asmana galýar. Arassa howuzlarda ýüzmegiň dürli görnüşleri, suw oýunlary bilen meşgullanýan çagalaryň wagtyny gyzykly geçirmegi bilen birlikde, olaryň bedenini taplaýandygy hem düşnüklidir. Ýörite hünärli mugallymlar we tälimçiler bolsa, suw oýunlarynda çagalaryň howpsuzlygyna uly jogapkärçilik bilen gözegçilik edýär. Howuzlardaky şadyýanlygy we şagalaňy görüp: «Täzeden bir çaga bolsam» diýeniňi duýman galýarsyň.

Elbetde, suw bilen bagly güýmenjeler bagtyýar çagalaryň gyzykly geçýän wagtynyň bir bölegini alýar. Aslynda welin, her bir pursadyň ýatda galyjydygyny bellemelidiris. Beýle diýmegimiziň özüne ýetesi sebäbi bar. Gündelik geçirilýän gyzykly oýunlar çagalaryň berýän teklipleriniň esasynda taýýarlanýar. Gün tertibiniň şeýle düzgüniniň ýola goýulmagy çagalaryň haýsydyr bir oýundan irmezligini, geçirilýän çärelere höwesli hem-de işjeň gatnaşmagyny üpjün edýär. Şol sebäpli hem «Nebitçide» aýdym-saz, döredijilik, sport, tikinçilik, surat çekmek, bäsleşikler, milli oýunlar, medeni duşuşyklar, merkezara myhmançylyklar, syýahat we beýleki dabaralar gyzykly geçýär. «Nebitçi» sagaldyş we dynç alyş merkeziniň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan artisti Amannazar Agaýewiň gürrüň bermegine görä, gündelik geçirilýän medeni çäreler dynç alýanlaryň wagtyny täsirli geçirmek bilen birlikde, zehinli ýaşlary ýüze çykarýar we olary kämilleşdirýär. Merkeziň talapkär ýolbaşçysy Aman Ataýewiň görkezmesine gyşarnyksyz eýerip zähmet çekýän hünärmenler çagalaryň wagtyny ertekilerdäki ýaly täsinliklere, gyzykly wakalara, şadyýan pursatlara besläp geçirmegiň hötdesinden doly gelýärler. Çagalaryň günüň dowamynda ençeme gezek iýmitlendirilişi, saglygyna pugta gözegçilik edilişi, wagtynyň juda täsirli geçişi «Nebitçiniň» işgärleriniň dynç alýanlary uly üns-alada we jogapkärçilik bilen gurşaýandygyna we işine yhlasly çemeleşýändigine şaýatlyk edýär.

«Nebitçide» myhmançylykda bolanymyzda, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi, nebit-gaz toplumynyň Ahal welaýaty boýunça edara-kärhanalarynyň KA-nyň ilkinji guramalary tarapyndan bu ýerde merkezara medeni we sport bäsleşikleri geçirildi. Diýseň şowhunly, gyzykly we çekeleşikli geçen bäsleşikleriň ahyrynda ýeňijilere guramaçylaryň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Mämmet MÄMMEDOW.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.