Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAGTYÝAR NESILLERIŇ BÄSLEŞIGI

Bagtly çagalygyň mekanynda erkana ýaşaýan we döwrebap bilim alýan mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi şatlyk-şowhun bilen dowam edýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş nesilleriň wagtyny şadyýan geçirmegine, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna, aýdym-saz we çeper okaýyşlary guramagyna ähli şertler döredilendir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap çagalar baglarydyr mekdepler bilen bir hatarda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň sany barha artýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümini oňat geçirmegini, olaryň saglyklaryny berkitmegini aýratyn üns merkezinde saklaýar.

Diýarymyzyň çar künjünde hereket edýän döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň dürli oýunlary oýnamagyna, sport bäsleşiklerini guramagyna ähli şertler döredilýär. Döwrebap sagaldyş merkezlerinde kitaphanalar, kompýuter otaglary, el işleriniň gurnaklary, teatr we şekillendiriş sungatynyň studiýalary çagalaryň hyzmatynda.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň tomusky dynç alyş möwsüminde-de çagalar ýakymly wakalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Olar Diýarymyzyň çar künjünden gelen mekdep okuwçylary bilen dostlaşýarlar. Dürli sport bäsleşiklerine, aýdym-sazly çykyşlara gatnaşýarlar. Gün-günden gözel görke girýän paýtagtymyzyň ajaýyp künjeklerine gezelençler guralýar. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň ähli amatly şertler döredilen binalaryna ýerleşen çagalaryň bagtyýarlygyna soňlanma ýok.

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň guramagynda, Gökderede ýerleşýän «Nebitçi», «Çeşme», «Şöhle», «Nesil» sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Biz bagtyýar nesiller!» diýen at bilen medeni we sport çäreleri geçirildi. Şowhunly geçen çäreleriň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesiller barada edýän üns-aladasy netijesinde Diýarymyzyň çar künjünde, hatda has çet etraplarda-da gurlup ulanylmaga berilýän orta we sport mekdepleri barada buýsançly gürrüňler edildi. Sport bäsleşiklerine gatnaşan mekdep okuwçylarynyň başarjaňlygy hormatly Prezidentimiziň ýaşlary sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä çekmek barada edýän tagallalarynyň ýerine düşýändigini aýdyň görkezdi. Sport bäsleşiklerine gatnaşan we ýeňiş gazanan çagalara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şatlykly wakalara besleýän mekdep okuwçylarynyň ýürek buýsanjy asuda asmana sary uzady. Olaryň her biriniň özlerine döredilýän şeýle mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdýan alkyşly sözleriniň yzy üzülmedi.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.