Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞAT­LYK­LY MÖW­SÜ­MIŇ GY­ZYK­LY GÜNLERI

Şatlyk-şowhun bilen dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminiň her güni Daşoguz welaýatynyň mekdep okuwçylary üçin unudylmajak ajaýyp pursatlary peşgeş berýär. Olar türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözel görnüşler bilen öwşün atýan owadan künjeklerinde ýerleşýän dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtyny gyzykly hem şadyýan geçirýärler. Guralýan dürli oýunlar, gyzykly bäsleşikler hem ýaryşlar olaryň näzik göwünlerini ganatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň döwrebap «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine sowgat beren owadan awtobuslaryny dolduran çagalar welaýat merkeziniň gözel ýerlerine seýran edýärler, özleri üçin täze bir dünýäni açýarlar. Şäheriň «Dostluk» seýilbagy çagalaryň höwes edýän ýerleriniň biri. Olar üçin bu ýerde gyzykly çäreler guralýar. Çagalar gür baglyga bürenip oturan seýil bagynyň ýörite taýýarlanan meýdançasynda asfaltyň ýüzünde surat çekýärler, «Kim çalasyn?» sport oýunlarynda güýç synanyşýarlar, ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Seýil bagyndaky dürli attraksionlar şadyýan çagalar üçin iň arzyly ýere öwrülýär.

«Bag­ty­ýar ne­sil» sa­gal­dyş we dynç alyş mer­ke­zinde 900 ça­ga dynç al­ýar. Merkezdäki äh­li amat­lyk­lar, açyk as­man as­tyn­da­ky hemde üs­ti ýa­pyk suw howdanla­ry, iň kä­mil en­jamlar or­naş­dy­ry­lan okal­ga, dynç alyş, komp­ýu­ter otag­la­ry ýaş nes­liň hyz­ma­tyn­da.

Ça­ga­lar sä­her bi­len er­tir­ki maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Sport ça­ga­la­ryň be­den hem ru­hy taý­dan sag­dyn ös­me­gi­niň çeş­me­si ha­saplan­ýar. Şo­nuň üçi­nem mer­kez­de ýö­ri­te dü­zülen gün­de­lik me­ýil­na­ma­lar­da sport çä­re­le­ri­ne aý­ra­tyn orun be­ril­ýär. Sag­ly­gyň gi­re­wi bo­lan spor­tuň küşt, şaş­ka, fut­bol, bas­ket­bol, woleý­bol, sto­luň üs­tün­de oýnalýan ten­nis, ýe­ňil at­le­ti­ka ýa­ly gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän ýaryş­la­ra ça­ga­lar uly hö­wes bi­len gat­naş­ýar­lar, ça­la­syn­ly­gy, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry bi­len go­wy ne­ti­je­le­ri hem gör­kez­ýär­ler. Mer­kez­dä­ki dür­li gur­nak­lar­da gyz­ja­gaz­la­ra ti­kin tik­mek, owadan şe­kil­le­ri ýa­sa­mak öw­re­dil­ýär. Ýaş surat­çy­lar te­bi­ga­tyň gö­zel gör­nüş­le­ri­ni, göz­de galan pur­sat­la­ry şöh­le­len­dir­ýär­ler. Dö­re­di­ji­lik ag­şam­la­ryn­da ça­ga­lar goş­gu­la­ry labyz­ly okamak, aý­dym aýt­mak, saz çal­mak, tans et­mek, sah­na­da dür­li keşp­le­ri janlan­dyr­mak bo­ýun­ça bäs­leş­ýär­ler.

To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­niň hä­zir­ki gün­le­ri we­la­ýa­tyň dür­li kün­jek­le­rin­dä­ki dynç alyş mer­kez­le­ri­nde, ça­ga­la­ryň on mü­ňe gola­ýy unu­dyl­ma­jak tä­sir­le­re gurşalýar. Hä­zir­ki wagt­da ça­ga­la­ryň ýüz­ler­çe­si Kär­deş­ler ar­kala­şyk­la­ry­nyň we­la­ýat bir­leş­me­si­niň ýe­ňil­lik­li ýol­lan­ma­la­ry esa­syn­da «Awa­za» mil­li sy­ýahat­çy­lyk zolagyn­da­ky, Gök­de­re­dä­ki dynç alyş mer­kez­le­rin­de dynç al­ýar.

We­la­ýat mer­ke­zin­dä­ki «Şat­lyk» dynç alyş mer­ke­zin­de ça­ga­la­ryň wag­ty­ny gy­zyk­ly geçir­me­gi üçin ze­rur şert­le­r dö­re­dil­di. Ki­tapha­na, in­ter­net ota­gy, sport eý­wa­ny, howuz, açyk meý­dan­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin meýdança­lar, aý­dym-saz otag­la­ry hä­zir­ki dynç alyş gün­le­ri­niň tä­sir­li­li­gi­ni art­dyr­ýar.

Gün­diz­le­ri­ne he­re­ket ed­ýän dynç alyş meý­dan­ça­la­ry bolsa hem ça­ga­la­ryň has köp bö­le­gi­niň dynç al­ýan ýer­le­ri­ne öw­rül­ýär. Oba ýer­le­rin­dä­ki, et­rap mer­kez­le­rin­dä­ki mek­deple­riň ýa­nyn­da dö­re­di­len bu meý­dan­ça­lar zerur en­jam­lar bi­len üp­jün edil­di. Her oba­nyň özü­ne mah­sus ta­ry­hy, şol ta­ry­hy özün­de jem­le­ýän ýa­dy­gär­lik­le­ri bar. Şol ýer­le­re ge­zelenç­le­riň gu­ral­ma­gy ça­ga­lar üçin has gy­zyk­ly hem tä­sir­li bol­ýar. Şeý­le ge­ze­lenç­ler ça­ga­lar üçin unu­dyl­ma­jak wa­ka­la­ra öw­rül­ýär. Ola­ryň kal­byn­da mäh­ri­ban ýur­du­my­za söý­gi­ni artdyr­ýar.

 

(Öz habarçymyz).

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.