Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞADYÝAN GÜLKÜLER ÝAÝYLSYN DÜNÝÄ

Mälim bolşy ýaly, şu günler mekdep okuwçylary üçin tomus dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem welaýat, etrap merkezlerinde, orta mekdepleriň ýanynda döredilen çagalar sagaldyş, dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalar täze okuw ýyly üçin saglyklaryny berkidip, wagtlaryny many-mazmunly geçirýärler.

Çagalaryň wagtlaryny şadyýan, many-mazmunly geçirip, öňde duran täze okuw ýyly üçin saglyklaryny berkidip, güýç toplamaklarynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkeziniň çagalaryň saglygyny goramak bölüminiň lukmanlarynyň hem uly paýy bar. Bu bölümiň şepagat uýasy Gülkamar Nepesowa bölüme ýüz tutup gelýän çagalara mähirli çemeleşmesi bilen uly hormatdan peýdalanýar.

— Men Türkmenbaşy şäher hassahanasynda şepagat uýasy bolup işleýärin — diýip, Gülkamar gürrüň berýär.

— Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde men «Daýanç» sagaldyş merkezinde işlemek bilen, çagalaryň bu ýerde sagdyn oýnap-ösmegi, wagtlaryny şadyýan hem-de many-mazmunly geçirmekleri üçin ähli başarnygymy sarp edip işleýärin. Bu ýerde biziň işimiz, esasan, dynç alýan çagalary gije-gündizlik gözegçilige almakdan, çärelere, gezelençlere gidenlerinde, olaryň ýany bilen gidip, zerur bolan halatynda olara ilkinji kömegi bermekden, çagalaryň şikes almak, dürli sökelliklere duçar bolmak mümkinçilikleriniň öňüni almakdan ybarat.

Gülkamaryň aýdyşy ýaly, Çagalaryň saglygyny goramak bölüminde «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalary hemişelik üns bilen gurşap almak, çagalaryň dogry iýmitlenmegi, gün tertibini dogry berjaý edip, saglyklaryny berkitmekleri üçin yzygiderli iş alnyp barylýar. Naharhanada çagalar üçin taýýarlanylan tagamlaryň lukmançylyk talaplaryna laýyk bolmagy üçin olaryň hili her bir nahar wagtynda lukmançylyk barlagyndan geçirilýär.

— Men Türkmenbaşy şäherindäki Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini feldşer-lukmançylyk hünäri boýunça gutardym — diýip, Gülkamar gürrüňini dowam edýär. — Esasy işim uly ýaşly adamlar bilen işlemek. Ýöne çagalara ýakynlygym meni her möwsümde bu merkezde işlemäge alyp gelýär.

Hawa, çaga lukmançylygy hünärmenden lukmançylyk bilimi bilen birlikde terbiýeçilik babatda çuňňur tejribäni talap edýär. Durmuş tejribäň ýetik bolup, çagalara çemeleşeniňde, olar seniň hem-ä lukmançylyk ukyp-başarnygyňa , hemem terbiýeçilik babatda toplan tejribäňe hormat goýýarlar. Diňe bir saglyklaryny berkitmek üçin ýüz tutman, eýsem gündelik durmuşda ýüze çykyp durýan sowallary babatda seniň bilen pikir alyşýarlar. Şunuň özi hem olara durmuşda iň dogry ýoly saýlap almaklary üçin peýdaly maslahatlary bermäge ýol açýar. «Daýanç» sagaldyş merkezine her ýylky dynç alyş möwsüminde yzygiderli dynç almaga gelýän çagalaryň gapydan ýylgyryp girip:

— Men geçen gezek gelenimde-de, siziň gözegçiligiňize gelipdim — diýip, mähirli ýatlamasy Gülkamaryň öz saýlap alan hünärine ýene-de uly höwes, çuňňur jogapkärçilik duýgusy bilen ýapyşmagyna itergi berýär.

— Biziň gije-gündiz ähli aladamyz hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygy, ösüp gelýän ýaş nesliň alada-ünjüsiz, agyry-ynjysyz ösüp-ulalmagy babatda öňde goýýan wezipelerini mynasyp amal etmekden, çagalaryň saglygyna gözegçilik etmekden ybarat. Goý, asuda, parahat ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar gülküsi belentden ýaňlansyn, dünýä ýaýylsyn! Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň nurana, bagtyýar geljegi üçin uly aladalar edýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, işleri rowaç bolsun! — diýip, Gülkamar Nepesowa özüniň ýürek buýsanjyny beýan edýär.

Hawa, ýene-de Awazada ajaýyp daň atar. Säherden täze gün başlanar. Çagalaryň şatlyk­-şowhuny bu ajaýyp mekany gurşap alar.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.