Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

MILLI GYMMATLYKLARA HORMAT

Tomus paslynyň şatlykly günleri çagalara ýakymly pursatlary, şowhunly wakalary sowgat edýär. Bu günler mekdep okuwçylary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökdere jülgesinde we ýerlerdäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny hoş geçirýärler. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda, dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilýän dürli sport bäsleşikleri we şowhunly medeni çäreler giň gerime eýe bolýar. Bu çäreler mekdep okuwçylarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny jebisleşdirýär, gözýetimlerini giňeldýär hem-de watansöýüjilik terbiýesini kämilleşdirýär.

Ýakynda Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda, bu ýerdäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan gyzjagazlaryň arasynda milli tagamlary hem-de işdäaçarlary taýýarlamak boýunça «Bereketli türkmen saçagy» we el hünärini ýerine ýetirmek boýunça «Gyz eli işde, döreýär ajap keşde» diýen at bilen bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň dowamynda gyzlaryň el hünärine ussatlygy we milli tagamlarymyzy taýýarlamaga bolan başarnyklary aýdyň ýüze çykdy. Munuň özi gyzlaryň el hünärine we milli tagamlarymyza hormatynyň belentdigini aňlatdy.

Bäsleşige gatnaşan gyzlaryň arasyndan «Nebitçi» çagalar sagaldyş merkezinde dynç alýan Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Garadepe şäherçesindäki 10-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçylary Aýjemal Kulyýewa, Tagantäç Berdigulyýewa, «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinden Aşgabat şäherindäki 64-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Aýsoltan Halymowa bilen Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Mähriban Hojanazarowa, Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinden Döwletliler köşgüniň okuwçylary, ekizler Eneş bilen Güneş Myradowalar tapawutlandylar.

Dabaranyň dowamynda Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan mekdep okuwçylarynyň özleriniň salkyn saýaly gözel ýerlerde dynç almagyna we döwrebap bilim almagyna döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdýan alkyşly sözleriniň yzy üzülmedi.

Bäsleşige gatnaşan okuwçylara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.