Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

GÜL ÇAGALAR — GÜL WATANYŇ GELJEGI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, goldaw-hemaýaty bilen, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilip, olaryň göwnejaý dynç almaklary, ugrunda uly alada edilýär. Gojaman Köpetdagyň gözel Gökdere jülgesindäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri bilen birlikde, ýurdumyzyň welaýatlarynda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlup ulanylmaga berlen şeýle merkezlerde çagalar wagtyny şadyýan geçirýärler.

Adat­ça, «Iň oňat, iň ajap zatlar — ça­ga­la­ra» di­ýil­ýär. Her bir yn­san öz per­zen­di­ne di­ňe go­wy zat­la­ryň ýar bol­ma­gy­ny ar­zuw edýär. Onuň oka­ma­gy, bi­lim al­ma­gy, göw­ne­jaý dynç al­ma­gy, sag­ly­gy ug­run­da yzy­gi­der­li ala­da ed­ýär. Ber­ka­rar döwletimi­ziň bag­ty­ýarlyk döw­rün­de ýaş ne­sil ba­ra­da­ky ala­da­nyň döw­let syýasatynyň möhüm bö­le­gi­ne öw­rül­me­gi hal­ky­myzy buý­san­dyr­ýar. Biz mu­nuň şeýle­di­gi­ne mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da, ak mek­dep­ler­de, beý­le­ki bi­lim ojak­la­ryn­da, ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­lerin­de bo­la­ny­myz­da aý­dyň göz ýetir­ýä­ris.

To­mus pas­ly do­wam ed­ýär. Bu dö­wür­de mek­dep okuw­çy­la­ry tomus­ky dynç al­şa, bi­lim iş­gär­le­ri zäh­met rug­sa­dy­na çyk­ýar­lar. Uzak ýy­lyň do­wa­myn­da çe­ki­len zähmetden soň, göw­ne­jaý dynç al­mak hök­ma­ny şert­le­riň bi­ri­dir, çün­ki ol yn­sa­nyň sag­ly­gy bi­len berk bagla­ny­şyk­ly­dyr. Wag­tyn­da dem-dynç al­mak ada­myň has-da öndü­ri­ji­likli, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi­ne iter­gi ber­ýär. Hut şo­nuň üçin-de ildeşleri­mi­ziň kö­pü­si bu möw­sü­mi has-da gy­zyk­ly ge­çir­mek, ony ýatdan çyk­ma­jak duý­gu­la­ra bes­le­mek üçin ýur­du­my­zyň gö­zel ýer­le­ri­ne sy­ýa­hat ed­ýär­ler, il­kin­ji nobat­da bol­sa Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len «Awaza» milli sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da, Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gik taý­dan aras­sa türk­men kenaryn­da dynç al­ma­gy ma­kul bil­ýär­ler. Bu ýer­de ildeş­le­ri­mi­ziň ýo­ka­ry de­re­je­de dynç al­ma­gy üçin äh­li amat­lyk­lar göz öňü­ne tu­tu­lan myh­man­ha­na­la­ryň, sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň en­çe­mesi he­re­ket ed­ýär. Şo­la­ryň bi­ri-de Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­laşyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň «Daýanç» sa­gal­dyş mer­ke­zi­dir.

Ýy­lyň dört pas­lyn­da-da he­re­ket ed­ýän bu mer­kez­de ýur­du­my­zyň dür­li künjeginden gel­ýän ça­ga­laryň dynç al­mak­la­ry, sag­lyk­la­ry­ny ber­kit­mek­le­ri üçin giň mümkinçilikler dö­re­di­lip­dir. To­mus möwsü­min­de ça­ga­lar bu ýer­de 6 tapgyr­da dynç al­ýar­lar. Her tap­gy­ryň do­wam­ly­ly­gy 10 gün­den yba­rat bo­lup, her tap­gyr­da 280 çaganyň dynç al­ma­gy üçin äh­li şert­ler bar. To­mus pas­lyn­da bu mer­kez­de jemi 1700-e go­laý ça­ga wag­ty­ny şady­ýan ge­çir­ýär.

 — «Da­ýanç» sa­gal­dyş mer­ke­zi 2010-njy ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da işe gi­ri­zil­di. Merkezi­miz­de ça­ga­lar bilen bir ha­tar­da, uly adam­la­ryň 120-si­ni ka­bul et­mä­ge mümkin­çi­lik bar.

Sa­gal­dyş mer­ke­zi­mi­ziň umu­my meý­da­ny 7,3 ga bo­lup, on­da birba­da 370 ada­ma hyz­mat et­mä­ge ni­ýet­le­nen na­har­ha­na, sport toplu­my, 280 orun­lyk am­fi­teatr, 200 orun­lyk mej­lis­ler za­ly, uly göw­rüm­li ho­wuz­lar, sa­gal­dyş bi­na­sy we beýle­ki­ler hereket ed­ýär. Ça­ga­la­ryň dynç al­şy­ny gy­zyk­ly ge­çir­mek­le­ri­ni üp­jün et­mek üçin komp­ýu­ter otagy, oýun ota­gy, tans ota­gy, ki­tapha­na, ki­no­zal bar. Şeý­le-de ola­ryň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri, şol san­da bas­ket­bol, wo­leý­bol, küşt, şaş­ka, fut­bol, uly we ki­çi ten­nis bi­len meşgul­lan­mak­la­ry üçin hem äh­li şert­ler dö­re­di­len­dir, mu­nuň üçin mil­li Lide­ri­mi­ze tüýs ýü­rek­den sag­bol­sun aýd­ýa­rys — di­ýip, mer­ke­ziň di­rekto­ry Gah­ry­man Ba­ba­my­ra­dow gürrüň ber­ýär. Sa­gal­dyş mer­ke­zin­de bo­la­nymyz­da, terbiýe­çi­lik we gu­ra­ma­çylyk bö­lü­mi­niň mü­di­ri Geň­lik Ta­gano­wa hem şeý­le gür­rüň ber­di:

— Hä­zir­ki wagt­da dynç alyş möw­sü­mi­niň bä­şin­ji tap­gy­ry dowam ed­ýär. Merkezimiz­de ter­biýe­çi-mu­gal­lym­la­ryň 10-sy, gur­nak ýol­baş­çy­la­ry­nyň 2-si, bedenter­biýe mu­gal­lym­la­ry­nyň 2-si, şeý­le-de tej­ri­be­lik geç­ýän ta­lyp­la­ryň 12-si çaga­la­ryň göw­ne­jaý dynç al­makla­ry üçin öz go­şant­la­ry­ny goş­ýarlar. Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistrli­gi­niň beý­le­ki de­giş­li mi­nistr­lik­ler we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­rala­ry bi­len bi­le­lik­de taý­ýar­lan meýil­na­ma­sy­na hem-de mer­ke­zi­miziň öz meýilna­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ça­ga­la­ryň wag­ty­ny şa­dy­ýan ge­çirmek­le­ri üçin dür­li bäsle­şik­le­r, ýaryş­la­r, ge­ze­lenç­le­r gu­ra­ýa­rys. Çaga­lar­da gö­zel Awa­za­da­ky “Ja­dy­ly ke­nar”, “De­ňiz mer­je­ni” se­ýil­gähle­ri­ne, «Awa­za» ak­wa­par­ky­na, ady­bir eme­li der­ýa we şag­la­wuga gu­ral­ýan ge­ze­lenç­ler örän uly tä­sir gal­dyr­ýar. Şeý­le-de san­ly­ja günlerden bu ýer­de bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­jek­digi, onuň Diýarymy­zyň be­dew bat­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek­de uly äh­miýe­te eýe bol­jak­dy­gy barada ça­gala­ra gür­rüň ber­ýä­ris. Ça­ga­lar eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len deňziň ke­na­ryn­da dö­re­di­len gözel­li­ge haý­ran gal­ýar­lar, ony merke­zi­miz­de geçirilýän me­de­ni çä­reler­de çe­per oka­ýyş­lar, öz dö­re­den goş­gu­la­ry bi­len wasp edýär­ler. Bu bol­sa mu­gal­lym hök­mün­de bi­zi diý­seň be­gen­dir­ýär, hor­mat­ly Prezidenti­mi­ze bo­lan al­ky­şy­my­zy artdyr­ýar.

Sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de dynç al­ýan ça­ga­la­ryň ýüz-göz­le­rin­den ola­ryň ba­ky bagtyýar­lyk­dan paýly­dy­gy­ny aň­mak bol­ýar. Ola­ryň ju­wan ýü­rek­le­ri ata Watanymyza bo­lan çäk­siz söý­gü­den, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za al­kyş­dan pürepürlen­ýär. Olar oka­ýan goş­gu­la­ryn­da, çal­ýan şi­rin saz­la­ryn­da, ýe­ri­ne ýetir­ýän aja­ýyp aý­dym­la­ryn­da döwrüň was­py­ny be­lent­den ýe­tir­ýär­ler. Ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­den ge­len ça­ga­la­ryň sah­na­da çy­kyş ediş­le­ri­ni syn­la­nyň­da, eziz Arkadagy­my­zyň sa­ýa­syn­da ze­hin­li, başar­jaň nes­liň ke­ma­la gel­ýän­di­gi ba­ra­da­ky ýakym­ly pi­kir­ler se­ri­ňe dol­ýar. Ça­ga­lar bi­ri-bi­ri bi­len dostla­şyp, ag­zy­bir­lik­de dynç alyp, bagty­ýar­ly­gyň, dost-do­gan­ly­gyň muka­my­ny çal­ýar­lar.

Şeý­le uly bag­ty ili­ne ba­gyş eden Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den sag­bol­sun aý­dyp, milli Li­de­ri­mi­ziň ja­ny­nyň sag, be­lent ba­şy­nyň aman, iş­le­ri­niň el­my­dama rowaç al­ma­gy­ny tüýs ýü­rek­den ar­zuw ed­ýä­ris.

 

Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA,

«Mugallymlar gazeti» gazetiniň baş redaktory.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.